89811
2021-02-07
TurkmensNews- Türkmenistanly we Täjigistanly hünärmenler wideo konferensiýada sebitdäki suwdan peýdalanmak meselesini ara alyp maslahatlaşdylar
Fars habar gullugynyň şenbe güni beren habaryna görä bu wideo konferensiýa Täjigistan Respublikasynyň Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň, Halkara Aral deňzini halas ediş gaznasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň we Türkmenistanyň döwlet suw baýlyklary komitetiniň wekilleri gatnaşdylar.
Hünärmenler sebitdäki suw sarp edişiniň netijelerini we 2021-nji ýylda çak edilýän mukdaryny gözden geçirdiler we esasy derýa akymlarynyň häzirki we geljek ýagdaýyny gözden geçirdiler.
Iki tarap 2018-nji ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň Awaza sebitinde Halkara Aral Deňiz Halas ediş Gaznasynyň sammitinde kabul edilen bilelikdäki beýannamada görkezilen meseleleriň ýerine ýetirilmegine aýratyn üns berdiler.
Täjigistan Merkezi Aziýada iň uly suw gorlaryna eýe bolup, sebitdäki umumy suw baýlyklarynyň 60 göteriminden gowragyny emele getirýär.
Commets
Last News
22 ژانویه 2025
19 ژانویه 2025
01 ژانویه 2025
18 دسامبر 2024
14 دسامبر 2024
Your Comment