• news ID :

    86193

  • /
  • Date :

    2020-11-28

  • Font

با افراط‌گرایی 300x200 - Türkmen resmisiniň ýaşlaryň ekstremizme garşy göreşdäki roly baradaky sözleriTurkmensNews-  “Terrorçylyga we ekstremizme garşy göreşde esasanam Merkezi Aziýada ýaşlara üns bermek möhüm rol oýnaýar” diýip Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew aýtdy

.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, “Wepa Hajiýew” «Merkezi Aziýada zorlukly ekstremizmiň öňünden duýdurylmagy: sebitleýin ösüş hem-de geljege tarap ýol» atly ýokary derejeli maslahatda eden çykyşynda  Terrorçylyga we ekstremizme garşy göreşde esasanam ilatyň deňagramlylygynyň paýy ýokary bolan Merkezi Aziýada ýaşlar bilen işlemek terrorçylyga we ekstremizme garşy göreşmekde möhüm rol oýnaýar diýdi.

Duşuşyga Natalýa German, BMG-niň Baş Sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili hem-de BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň başlygy, Agi Weres, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Sebitleýin Merkeziniň orunbasary hem-de BMG-niň ÖM-nyň Ýewropa we GDA boýunça administratorynyň kömekçisiniň orunbasary, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary, Ýaponiýanyň we Beýik Britaniýanyň ygtyýarlandyrylan diplomatlary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň, Bütindünýä Bankynyň bilermenleri we beýlekiler gatnaşdylar.

Maslahatda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Türkmenistana wekilçilik etdi.

 

Share :
Share :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز