108305
2022-03-10
Ukrainada bolýan Türkmenistanyň raýatlary ýurdumyza getirilip başlandy. “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň gurnaýan ýörite gatnawlary bilen raýatlarymyzy ýurdumyza howpsuz ýagdaýda getirmek amala aşyrylýar. Raýatlarymyzyň howpsuz getirilmegi babatda degişli diplomatik gulluklar bilen ylalaşyldy.
Şonuň netijesinde, şu gün irden Rumyniýanyň Buharest şäheriniň halkara howa menzilinden Türkmenabat şäheriniň halkara howa menziline türkmen raýatlaryny alyp gelen uçar gondy.
“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň T5 3286 belgili ýörite gatnawy arkaly 282 raýatymyz Türkmenabat şäherine getirilip, olaryň Türkmenistana getirilmegi mugt amala aşyryldy hem-de ýurdumyzyň diplomatik gulluklary tarapyndan raýatlarymyza ähli hyzmatlar berildi.
Ukrainadan getirilen raýatlarymyzyň arasynda aýal-gyzlaryň hem bardygyny aýratyn bellemek bolar.
Ukrainada bolýan Türkmenistanyň raýatlarynyň getirilmegi dowam etdiriler. Bu işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegi Türkmenistanyň Hökümetiniň öz raýatlary barada hemişe alada edýändiginiň ýene-de bir subutnamasy bolup durýar.
Commets
Last News
09 مه 2022
02 مه 2022
19 آوریل 2022
30 مارس 2022
21 مارس 2022
Your Comment