• news ID :

    94853

  • /
  • Date :

    2021-05-17

  • Font

Turkmen Liderinin yazan Ak Saherim Asgabat 300x169 - Türkmen Lideriniň ýazan “Ak Şäherim Aşgabat” atly kitabyň taşdyrylyşy boldyTurkmensNews-  Çärede çykyş eden beýleki myhmanlar hem “Ak Şäherm Aşgabat” atly kitap bilen şäheriň deňsiz-taýsyz owadanlygyna we binagärlik aýratynlyklaryna has gowy göz ýetiriljekdigini aýan etdiler

Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyna bagyşlanyp Türkmenistanyň Döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýazylan “Ak Şäherim Aşgabat” atly kitabyň tanşdyrylmagy maksady bilen Aşgabat şäherinde maslahat geçirildi.

Türkiýäniň Aşgabat şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Togan Oralyň hem gatnaşam maslahatda ilçi, Aşgabat şäheriniň esaslandyryjysy we baş binägri hökmünde Berdimuhamedowy görkezdi, mundan başgada Prezident Erdoganyň Türkimenistana gurajak saparynyň taýarlyklarynyň dowam edýändigini mälim etdi.

Türkmen lideriniň Ata Watanyna, Aşgabada we Türkmen halkyna bolan söýgüsini taryplap ýazan kitabynyň tanşdyrylmagy maksady bilen Aşgabat şäheriniň Halkara gatnaşyklar institutynda maslahat geçirildi. Döwlet işgärleriň, rektorlaryň, dimplomatik wekilhanalaryň wekilleriniň we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşan maslahatda Türkiýäniň Aşgabat şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral hem çykyş etdi. Aşgabadyň ýap-ýaşyl seýilgählerine, giň köçelerine we Ak mermerli binalaryna haýran galandygyny aýdan ilçi, Aşgabadyň ýurdyň Döwlet baştutany Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasynyň netijesinde ýaňadandan janlanandygyny beýan etdi.

Ilçi Togan Oral: “1948-nji ýylda başdan geçirilen uly ýer titremede haraba öwrülen Aşgabat şäheri, ýurdyň Döwlet baştutany Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasynyň netijesinde ýaňadandan janlandy, sebitiň senagat, bilim, sport we medeniýet merkezi ýagdaýyna öwrüldi” diýip belledi.

Ilçi, Aşgabadyň binagärlik gurluşuna aýratyn ähmiýet bermegi sebäpli türkmen liderini bu şäheriň esasalandyryjysy we baş binagäri hökmünde garaýandygyny belledi we kitap bilen bagly duýgularyny paýlaşdy.

Ilçi Togan Oral: “Berdimuhamedowyň ýazan Ak şäherim Aşgabat atly kitabynda Aşgabadyň düýnki we şu günki gününi iň owadan şekilde ýüze çykarmagy başarypdyr we şeýlelik bilen şäheriň gelejegine ýagtylyk çaýmagyň hötdesinden gelipdir. Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna eýe bolmagyndan bäri şu günki güne çenli türk we türkmen kärhanalary egin-egine durup işläp, möhüm taslamalary durmuşa geçirdiler. Şol çäkde Aşgabadyň Halkara howa menzili, Olimpiýa şäherçesi, Telewideniýe binasy ýaly şäheriň simwoliki binalarynda türk inženerleriniň we binagärleriniň goşan goşantlaryny görmek, Aşgabat şäheriniň her köçesinde diýen ýaly türk firmalarynyň tamamlanmagyna goşant goşan gurluşlara gabat gelmek mümkindir” diýip habar berdi.

Türkmenistan bilen özara gatnaşyklaryň bir millet iki döwlet ýörelgesine laýyklykda ikitaraplaýyn hormat, hyzmatdaşlyk we umumy bähbitleriň esasynda dowam edýändigini aýdan ilçi Togan Oral, Prezident Erdogany türkmen lideriniň çakylygyna laýyklykda gurajak sapary bilen baglanşykly meýilnamanyň üstünde ylalaşylandygyny beýan etdi.

Ilçi Togan Oral: “Şol meýilnamanyň çäginde ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyza itergi bermegine garaşylýan ýokary derejeli saparyň taýarlyklary dowam edýär” diýip belledi.

Çärede çykyş eden beýleki myhmanlar hem “Ak Şäherm Aşgabat” atly kitap bilen şäheriň deňsiz-taýsyz owadanlygyna we binagärlik aýratynlyklaryna has gowy göz ýetiriljekdigini aýan etdiler.

Share :
Share :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز