85038
2020-10-30
Turkmensnew- Türkiýäniň Izmir welaýatynda 6,6 ball ululykda ýer titremesi azyndan dört adamyň ölmegine sebäp boldy.
Tasnim habar gullugynyň habaryna görä, Türkiýäniň Tebigy betbagtçylyklar bilen göreşýän gullugy anna güni ýerli wagt bilen 14: 51-de Türkiýäniň Izmir şäherindäki Seferihisar deňiz kenarynda bolup geçen ýer titremesi sebäpli 150-den gowrak adamyň ýaralanandygyny we köp sanly adamyň harabalygyň aşagynda galandygyny Şeýle hem onlarça ýaşaýyş jaýyň weýran bolandygyny habar berdi.
Bu ýer titremesinde ýaralananlaryň köp bolmagy sebäpli ölenleriň sany köpelip biler.
ýer titremesi Stambulda we onuň töweregindäki welaýatlarda-da duýuldy.
ABŞ-nyň Geologiýa gözleg gullugy bu ýer titiremaniň ululygyň ۷ bal bolandygyny aýtdy.
şol bir wagtda Eýranyň Daşary işler ministri Türkiýedäki ýer titremesine gynanýandygyny aýtmak bilen bu ýurduň döwletine we halkyna gynanç bildirdi.
Daşary işler ministrliginiň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogluna iberen ýüzlenmesinde Türkiýäniň döwletine we halkyna çuňňur gynanç bildirmek bilen bu ýer titremesinde ejir çekenlere saglyk arzuw etdi.
Şeýle hem Zarif, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkiýedäki ýer titremesinde ejir çekenlere kömek bermäge taýýardygyny mälim etdi.
Commets
Last News
19 آوریل 2021
18 آوریل 2021
17 آوریل 2021
16 آوریل 2021
14 آوریل 2021
Your Comment