• news ID :

    94033

  • /
  • Date :

    2021-05-04

  • Font

4by19d1581c1381v6mg 800C450 150x150 - TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGIŇ BARŞYNDA TÜRKMEN-GAZAK GATNAŞYKLARYNYŇ DERWAÝYS MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDYTurkmensnews- 3-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdiniň arasynda telefon arkaly gepleşikler geçirildi.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary türkmen-gazak gatnaşyklarynyň has hem pugtalandyrylmagy bilen bagly bolan derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşligiň barşynda ministrler 2021-nji ýylda Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana boljak resmi saparyna görülýän taýýarlyklara aýratyn üns berdiler.

Şu nukdaýnazardan, bu saparyň guramaçylygy, şol sanda saparyň öňüsyrasynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyklar babatynda pikirler alyşyldy.

Taraplar şeýle-de şu ýyl Türkmenistanda VI Hazar Sammitiniň geçirilmegi bilen bagly meselelere hem seredip geçdiler.

Ulgamlaýyn esasda durmuşa geçirilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli syýasy geňeşmeleriň dowam edilmegi babatynda ylalaşdylar.

Share :
Share :
Tags :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز