• news ID :

    60368

  • /
  • Date :

    2019-08-27

  • Font

4bk3421ec3ddbf509y 800C450 300x190 - TAÝPALAR PATYŞALARYturkmensnews- Isgender panylyk saraýyndan bakylyk älemine gadam basansoň, taýpalar patyşala­ry älemi basyp alypdyrlar. Her ta­rapda bir patyşa bolupdyr. Olaryň ählisi güýçli bo­lup, leşgerdir hazynalar bilen arkalanyp, biri-birlerine tabyn bolmandyrlar.

Hat­da aýtmaklaryna görä, Türküstan ülkelerinden, tä, Müsür we Şam serhetlerine çenli tak­mynan ýetmiş patyşa bolup, ola­ryň ählisi­niň haýbaty we ýeterlik ýarag-esbaplary bo­lupdyr. Olaryň patyşalyk süren möhleti barada dürli garaýyşlar bar. Käbirleriniň aýtmaklaryna görä, olar bäş ýüz ýigrimi üç ýyllap höküm sürüpdirler. Şol wagtyň do­wa­mynda hiç patyşa bu şa­lardan üstün çykyp bilmändir. Ahyrynda jahany eýelemek ge­zegi Erdeşir Bäbege gelip ýetýär. Ol şol paty­şalaryň äh­li­sinden üstün çykýar we olar oňa tabyn bolýarlar.

Muhammet Jerir Tabary özüniň «Taryh» kitabynda şeýle belläp geçýär:

Isgenderden soň uly Darapdan Eşk atly bir perzent galypdyr. Dejle derýasynyň ke­na­ryndan tä Reýe çenli ýerler onuň mül­küne de­gişli bolupdyr. Taýpalar patyşalary oňa tabyn bol­ma­salar-da, oňa hormat goýup, tag­zym edip, onuň bilen dost­luk we mähri­banlyk ýoluna eýerýän ekenler. Aýtmaklaryna gö­rä, Eşkiň patyşalyga ýetmeginiň sebäbi şu waka bolupdyr:

Rumdan bir patyşa gelip, Dejleden geç­ýär we onuň paty­şalygyna gelýär. Onuň ady Antyhýus eken. Ol Yrakdaky Sewa­dyň ser­he­dinden, tä Ahwaza, Parsa we Reýe çenli bolan ýer­leri eýeleýär. Ol şunça ýerleri basyp alsa-da, taýpalar patyşa­lary oňa boýun bolmaýar.

Isgender Eşkiň agasy Dara­ny öldüren wagty, Eşk ýaş bolansoň ondan ar alyp bilmän, gizlenip ýören eken. Emma Isgenderiň nobaty geçip, Antyhýus ol welaýatlary eýelänsoň, Eşk aýaga galýar we taýpalar patyşalaryndan leşger soraýar. Olar Antyhýus bilen duşmandyklary hem-de Eşkiň nesline bo­lan hormatlary üçin oňa kömek berýärler we leşger iberýärler. Ol Antyhýusa garşy söweşip, ony ýeňýär we Dejle derýasyn­dan, tä Reý şäherine çenli ýerleri öz ygtyýaryna geçirip, ol ýerleri kese­ki­niň elinden alýar. Taýpalar patyşa­lary onuň Dara­byň ogludygy we mülke mynasyp adamdygy üçin oňa diňe bir boýun sunmak bilen däl-de, eýsem, ony dostluk we mähremlik bilen sylaýan ekenler. Ol hem özüniň uly haýbatynyň ýok­du­gyny bilip, olaryň mülküne el uzatman­dyr hem-de olaryň özü­ne goýýan şol sylag-hormatlaryna kanagatlanypdyr. Ýöne onda älemi birleşdirmäge esas bardy. Käweli­le­riň baýdagy onuň elin­dedi. Ol şeýdip birnäçe ýyllap höküm sürýär.

Rumdan Kostantyn atly bir uly patyşa ony boýun egdir­mek niýeti bilen Dejle derýa­syndan geçýär. Eşk taýpalar paty­şa­laryn­dan medet-kömek soraýar. Olar oňa leşger iber­ýärler. Yrak

Sewat – Dejle we Fyrat derýalarynyň arasynda ýerleşýän ýerler.

paty­şalygyna gelýär. Onuň ady Antyhýus eken. Ol Yrakdaky Sewa­dyň ser­he­dinden, tä Ahwaza, Parsa we Reýe çenli bolan ýer­leri eýeleýär. Ol şunça ýerleri basyp alsa-da, taýpalar patyşa­lary oňa boýun bolmaýar.

Isgender Eşkiň agasy Dara­ny öldüren wagty, Eşk ýaş bolansoň ondan ar alyp bilmän, gizlenip ýören eken. Emma Isgenderiň nobaty geçip, Antyhýus ol welaýatlary eýelänsoň, Eşk aýaga galýar we taýpalar patyşalaryndan leşger soraýar. Olar Antyhýus bilen duşmandyklary hem-de Eşkiň nesline bo­lan hormatlary üçin oňa kömek berýärler we leşger iberýärler. Ol Antyhýusa garşy söweşip, ony ýeňýär we Dejle derýasyn­dan, tä Reý şäherine çenli ýerleri öz ygtyýaryna geçirip, ol ýerleri kese­ki­niň elinden alýar. Taýpalar patyşa­lary onuň Dara­byň ogludygy we mülke mynasyp adamdygy üçin oňa diňe bir boýun sunmak bilen däl-de, eýsem, ony dostluk we mähremlik bilen sylaýan ekenler. Ol hem özüniň uly haýbatynyň ýok­du­gyny bilip, olaryň mülküne el uzatman­dyr hem-de olaryň özü­ne goýýan şol sylag-hormatlaryna kanagatlanypdyr. Ýöne onda älemi birleşdirmäge esas bardy. Käweli­le­riň baýdagy onuň elin­dedi. Ol şeýdip birnäçe ýyllap höküm sürýär.

Rumdan Kostantyn atly bir uly patyşa ony boýun egdir­mek niýeti bilen Dejle derýa­syndan geçýär. Eşk taýpalar paty­şa­laryn­dan medet-kömek soraýar. Olar oňa leşger iber­ýärler. Yrak Sewadynyň şäherlerin­den bolan Hysn diýen şäheriň paty­şa­synyň hut özi onuň ýanyna barýar. Ol bu patyşa tagzym edýär we onuň edep hakyny ýerine ýetirýär. Onuň daşyna dört ýüz müň adam jemlenýär. Ol şolaryň ählisini Hysnyň patyşa­sy­na tabşyrýar. Ol Rum leşgeriniň garşysyna çykýar we olara gar­şy söweşýär. Onuň baýdagynyň üstünden ýeňiş şemaly öwüs­ýär we döwletlilik suwy ýabyndan akýar. Rumlular ýeňil­ýär­ler we dargaýarlar. Ol rumlularyň ählisini gylyç­dan geçirýär we ata-babalarynyň aryny al­ýar. Patyşa Kostantyn Ruma gaçyp gidip, mä­käm gala gurýar we oňa Kostantanyýýa (Kon­stan­ti­no­pol) diýip at berýär. Häzirki dö­wür­de bu ýer kaýsarlylaryň paý­tag­tydyr.

Abu Mansur Sagalyby «Gurar we siýar» («Saýlantgylar we başdan geçirmeler») atly kitabynda şeýle maglumat berýär:

«Isgenderden soň Yrak we Pars ülkele­rin­de Dejle derýa­syn­dan, tä Reýe çenli bolan ýerlerde Afkur atly bir patyşa höküm sürüp­dir. Ol Eşkanyň perzentlerinden bolup, Eş­kan hem Ýafes ibn Nuhuň perzent­le­rin­dendir. Bu nesle Eşkanylar (Är­sag­lylar) di­ýilýär. Ondan soň onuň Şapur atly ogly tagta geçýär Onuň kakasy Afkuz on iki ýyl höküm­dar­lyk edýär. Şapur elli üç ýyl patyşa­ bolupdyr. Ýahýa ibn Zekerýa alaýhyssalamy onuň döwründe öldüripdirler. Şapur wepat bolandan soň, paty­şa­lyk ýüzügini ogly Guderze berýär. Ol patyşalyk tagtyny je­ma­ly bilen bezeýär we Beni Ysraýyla (Ysraýyl ogullaryna) gar­şy leşger çekýär. Beýik we Eziz Allatagala ony Ysraýyl ogul­larynyň üstüne olardan dini ar almak üçin iberen eken. Guderz olara Buhtunnasryň eden zulmundan hem erbet zulum edýär. Ol olaryň ybadathanalaryny we metjitlerini weýran edýär. Isa alaýhyssalam hem onuň döwründe dünýä inipdir. Bu Guderz atalary­nyň ýörelgelerini taşlap, adalatlylyk ýolun­dan ýüz öw­rüp, zulum baýdagyny parladýar we halka yza-ezýetler berýär. Ahyrynda, ol elli ýedi ýyl patyşalyk sürensoň, bir gün aw meý­danynda ajal şiriniň awuna öwrül­ýär. Halk onuň ölmegini özleriniň dirili­giniň özeni saýyp, onuň ýasyna derek baý­ram­çylyk edip, şeýle diýipdirler:

Saýýandyrlar ölmüň öz diriligi,

Gany ýagdyrylan kowum ýasynda.

Gamgyndyrlar: «Dowzahdakylar bilen

Nädip gürleýärkä olaň ýanynda?»

Guderziň Eýran atly doganoglany bolup, diýseň parasatly we akyldar bolupdyr. Patyşalyk oňa ýetýär. Guderziň eýýa­myn­da onuň kemçilikleri we nogsanlyklary sebäp­li hazynalar boşapdy we işler özüniň ösüşini bes edipdi. Eýran özüniň pikiri

Sewat – Dejle we Fyrat derýalarynyň arasynda ýerleşýän ýerler.

Buhtunnasr – Asuriýa bilen Babylystan birleşenden soň, bu iki ülkäniň hökümdary bolupdyr. Ol b.e. öň 606-njy ýylda Palestina harby ýöriş edýär. Ol ýe­riň patyşasy Ýehuýakym oňa garşy çykmançoň, Buhtunnasr Palestinany Ýehu­ýakymyň ogluna tabşyrýar. Emma ol ülkede hezreti Ermiýa peýda bolup, Ybra­ýymyň kowumyny hak ýola salyp, Buhtunnasra haýbat atýar. Buhtunnasr ikinji ge­zek Palestina çozýar. Ol Palestinany bir ýyl, käbir rowaýatlara görä iki ýyl gabap, ahyry Iýerusalimi basyp alýar. Ol ýeriň ilatyny gyryp, mukaddes öýi weýran edýär. Ol Ysraýyl kowumy üçin uly betbagtçylyk getiripdir.

we çäre tapyjylygy bilen ähli işi ugrukdy­ryp, adyllylyk we ýag­şylyk bilen welaýat­lary abadanlaşdyryp, özüniň mähribanlygy we beýik adamkärçiligi bilen raýatlary ýygnapdyr. Beýik Ýara­dy­jy onuň zähmetini biderek etmändir. Onuň şeýle işleri sebäp­li älemde rahatlyk we parahatlyk emele gelipdir. Ol özüne güýç toplap, gowy kada-kanunlary ýola goýýar we erbet däplerdir düz­gün­leri aradan aýyrýar. Ol kyrk ýedi ýyl hökümdarlyk eden­den soň, patyşalygy ogly Guderze berip, özi toprak per­de­sini başyna orapdyr.

Şeýlelikde, Guderz kakasynyň ornunda oturýar we akyl-paý­hasa laýyklykda, patyşa­lygy gysymyna gysyp, işleri düz­gün-tertibe salýar. Ol otuz bir ýyllap patyşalyk tagtasynda yk­bal küştüni oýnap, ahyrynda şahmat bolýar. Ajal eli onuň diri­lik düşegini ýygnanda patyşalygy öz ogly Nersä goýýar. Käbir­leri şeýle diýipdirler:

Nersi ýokarda ady agzalan Eýranyň ogludyr. Ol ata-baba­larynyň ýörelgelerine eýerip, ýagşy däpleri döredýär we ýara­maz düzgünleri aradan aýyrýar. Ol patyşalaryň perzentlerinden bolan dört aýaly alyp, olary biri-birleri bilen agzybir etjek bol­ýar we şu ugurda dalaş edýär. Emma peýda bermeýär. Aýalyň we­pa­lylygyna bil bagla­mak, edil ýeli duzaga düşürmek ýaly­dyr.

Çep gapyrgadan ýaradylan aýal –

Sol tarapdan sagy gözlemeli däl.

Onuň aýallarynyň biri oňa zäher berýär we özüni onuň der­dinden halas edýär. Bela­şyň ogly Hurmuz onuň ýerine geç­ýär. Ol ýurduň ähli etraplaryna aýlanyp, halky özü­niň adyllyk sa­ýasynda asuda ýaşadypdyr. Onuň hyzmatkär gulamlara bolan höwesi ar­typ, olary gowy görüp, şeýle diýýän eken:

– Olar dynç wagty aýallaryň näzikli­gi­ni we iş wagty erkek­leriň güýjüni görkez­ýärler.

Ol aw awlamagy hem gowy görýän eken. Onuň özi hem ahyrynda panylygyň penjesi­ne aw bolup ömrüni paýawlaýar. Onuň ogly Pi­ruz şalyk täjini başyna geýip, patyşalyk işlerini öz gysymyna alýar we adyllyk ýö­rel­gelerini ýola goýmakda, ata-babalarynyň ýaşaýyş däplerini gaýtadan janlandyrýar.

Aýtmaklaryna görä, onuň hem gulamlara meý­li bolupdyr, yzygiderli olary daşyna üý­şü­rip, olar bilen gatyşýan eken. Oňa wezir­leriň we hekimleriň biri:

– Bu jemagata ynanmaly däl. Sebäbi olar ýurtlaryndan gul edilip alnan, ata-enele­rinden mejburlyk bilen jyda edilen. Ola­ryň gulluk etmegi mejburlykdan bolup, öz ygtyýarlaryna däl­dir. Olaryň bu babatda ta­byn­lyk etmegi tebigy däl-de, mej­bur­lyk­dyr. Olara ynanmak we bil baglamak parasatlylykdan we äti­ýaçlylykdan daşdyr. Olaryň birden erbetlik edip, jana kast ediji oklary atmaklary mümkin – diýipdir.

Piruz oňa:
– Men olaryň husny-jemalyna öwreni­şen­digime garamazdan, seniň nesihat edeniň üçin hem-de seniň mähribanlygyň

Güderz öz oglunyň adyna-da Güderz dakypdyr.

Şahmat sözüniň sözme-söz manysy «Şa öldi» diýmekdir.

Onuň aýallarynyň biri oňa zäher berýär we özüni onuň der­dinden halas edýär. Bela­şyň ogly Hurmuz onuň ýerine geç­ýär. Ol ýurduň ähli etraplaryna aýlanyp, halky özü­niň adyllyk sa­ýasynda asuda ýaşadypdyr. Onuň hyzmatkär gulamlara bolan höwesi ar­typ, olary gowy görüp, şeýle diýýän eken:

– Olar dynç wagty aýallaryň näzikli­gi­ni we iş wagty erkek­leriň güýjüni görkez­ýärler.

Ol aw awlamagy hem gowy görýän eken. Onuň özi hem ahyrynda panylygyň penjesi­ne aw bolup ömrüni paýawlaýar. Onuň ogly Pi­ruz şalyk täjini başyna geýip, patyşalyk işlerini öz gysymyna alýar we adyllyk ýö­rel­gelerini ýola goýmakda, ata-babalarynyň ýaşaýyş däplerini gaýtadan janlandyrýar.

Aýtmaklaryna görä, onuň hem gulamlara meý­li bolupdyr, yzygiderli olary daşyna üý­şü­rip, olar bilen gatyşýan eken. Oňa wezir­leriň we hekimleriň biri:

– Bu jemagata ynanmaly däl. Sebäbi olar ýurtlaryndan gul edilip alnan, ata-enele­rinden mejburlyk bilen jyda edilen. Ola­ryň gulluk etmegi mejburlykdan bolup, öz ygtyýarlaryna däl­dir. Olaryň bu babatda ta­byn­lyk etmegi tebigy däl-de, mej­bur­lyk­dyr. Olara ynanmak we bil baglamak parasatlylykdan we äti­ýaçlylykdan daşdyr. Olaryň birden erbetlik edip, jana kast ediji oklary atmaklary mümkin – diýipdir.

Piruz oňa:

– Men olaryň husny-jemalyna öwreni­şen­digime garamazdan, seniň nesihat edeniň üçin hem-de seniň mähribanlygyň ma­ňa mälim bo­lan­dygy üçin olar bilen ýoldaş bolmagymy goýbolsun edýärin – diýipdir.

Soňra Piruz aýallara meýil edip başlapdyr we şondan soň gulamlary öz ýanyna ýakynlaş­dyr­mandyr. Onuň Hysrow atly og­ly ýetişýär. Ol heniz patyşalyk asmanynda täze aý wagty, kakasy ýaly şalyk asmanynyň kük­regini almak we öz kakasy diri wagty özüniň hökümdarlygyny we patyşalygyny ýola goý­mak isläpdir. Bu ýagdaý Piruza aýan bo­lansoň ony tussag et­mek­lerini buýurýar. Ol perzen­dine edep we temmi bermekde gaty berk daraýar. Ol edeplenip, ýuwaşaýar. Soňra kakasy ony sylaglap, şeýle diýýär:

– Patyşalyk edil kitap ýaly bolup, öňki waragy geçýänçä soňky waragyň açylma­ýan­dygyny we üçünji tapgyrda soňky wara­gyň gelýändigini bilmek hökmandyr. Paty­şalyk işlerini sabyrlylyk we ýuwaşlyk bilen garşy almalydyr.

Hysrow özüniň eden işleri sebäpli ötünç soraýar we öňki zatlara ökünýär. Kakasy ondan razy bolýar. Onuň mertebesi ýo­karlanýar. Onuň kakasy otuz dokuz ýyl patyşalyk edenden soň, jan guşy pelekleriň depesine ýetýär we onuň ýerine Hys­row geçýär. Ol hünärli adamlara tertip bilen ýörite dere­je­leri berýär we zamana­nyň aýnasyndan garaňkylyk posuny aýyr­ýar. Hysrow kyrk ýedi ýyl patyşalyk edenden soň, tagtdan gabra göç edip, patyşalygy Arduwan Bela­şa goýýar. Ardu­wa­nyň paty­şalygynyň giňli­gi hemmeleriňkiden geçýär we tutuş Yrak, Pars, Jibäl we Reýe çenli bolan ýerler onuň yg­tyýa­ryna geçýär. Ol taýpalar patyşala­ryn­dan bir taýpany ýeňýär. Olaryň köpüsi oňa tabyn bolmaga meýil edipdirler. Ol elli bäş ýyl patyşalyk sürüpdir. Ahyrynda Är­sag­lylaryň nobaty soňlanyp, olaryň döw­le­ti­niň namasy ýapylýar we olaryň ykbal baý­dagy ýere serilýär. Zamananyň adaty we döwrüň düzgüni şeýledir:

Eýýamlar geçip durýan döwletlere eýedir,

Günleri ötüp barýan misli kölge-saýadyr.

Bu pelegiň aýlawy – gündiz-gijesi-şamy,

Her şanyň döwletiniň geçmesiniň nyşany.

Käte şalyk täji Ärsaglylardan aýrylar,

Kä Sasanlylar bilen tagt-u-täç bezeg alar.

Indi dünýä soltanlyk nobaty Şemseddiniň,

Ol şalaryň güneşi, saýasy Hak – müdimiň.

Iltutmuş şa – adalat, ol diniň hak hossary,

Biadyllyk – gara ýüz, adalata – ýüz nury.

Nobaty özgä geçmesin magşar gününe çenli,

Duşman bagty oýanmasyn dünýäň soňuna çenli.

Nyzamylmülk – adyllyk baky hyzmatda dursun,

Onuň garaýşy bilen döwlet ösüşler bersin.

Share :
Share :
Etiketkalar :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز