67061
2020-01-03
1521-nji ýylyň 3-nji ýanwary… Orta asyr Ýewropasynda buthananyň awtoritaryna garşy durup, “Özgertme hereketiniň” başlamagyna sebäp bolan Martin Luther katolik dünýäsiniň ruhany lideri Papa Leo 10-njy tarapyndan “dinden çykarylýar”. Rime çagyrylyp, düşündiriş bermegi islenen Martin Luther ony kabul etmeýär we injili nemes diline terjime edip, buthana garşy göreş yglan edýär.
1961-nji ýylyň 3-nji ýanwary… Fidel Kastronyň öňbaşçylyk edýan kommunist güýçleriň paýtagt Gawanany almagyndan soň ABŞ Kuba bilen gatnaşyklary bes edýär. Şondan bir ýyl soň Papa İoannes 23-nji Fidel Kastrony dinden çykarandygyny yglan edýär.
1990-njy ýylyň 3-nji ýanwary… Amerikan goşunlary tarapyndan agdarylan Panamanyň döwlet Ýolbaşçysy Manuel Noriega 10 ýylyň dowamynda ýaşan ýeri bolan Watikanyň Panama Sitidäki ilçihanasyndan çykyp, Amerikan esgerlerine boýun egýär.
2004-nji ýylyň 3-nji ýanwary… Müsürde hususy howa ýollaryndan birine degişli ýolagçy uçary Şarm Al Şeýh-Parij gatnawynyň dowamynda Gyzyl deňize gaçýar. Uçardaky 148 adam pida bolýar.
Commets
Last News
01 ژانویه 2025
18 دسامبر 2024
14 دسامبر 2024
26 نوامبر 2024
25 نوامبر 2024
Your Comment