• news ID :

    103477

  • /
  • Date :

    2021-11-06

  • Font

6 300x151 - Şewket Mirziýoýew Kasam Edip Wezipesine BaşladyTurkmensNews-  Mirziýoýew, ýaňadandan prezidentlige saýlanandygy üçin halkyna sagbolsun aýtdy

Özbegistanda 24-nji oktýabrda geçirlen prezident saýlawynyň ýeňijisi Şewket Mirziýoýew kasam edip wezipesine başlady.

Mirziýoýew üçin Özbegistanyň Parlamentiniň aşakky ganady Kanun çykaryş mejlisinde we ýokarky ganady Senatda ýörite dabara geçirildi.

Dabara hökümet agzalary, döwlet eýeçiligindäki edaradyr kärhanalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtly diplomatlar we žurnalistler gatnaşdy.

Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Zaýniddin Nizamhojaýew, dabarada eden çykyşynda prezident saýlawynda jemi 16 million 212 müň ۳۴۳ saýlawçynyň ses berendigini we saýlawa bolan gatnaşygyň ۸۰,۴ göterimdigini ýatlatdy.

Saýlawda 5 dalaşgäriň bäsleşendigini aýdan Nizamhojaýew, Liberal demokrat partiýanyň dalaşgari Şewket Mirziýoýewiň sesleriň ۸۰,۱۲ göterimini alyp ýaňadandan prezizentlige saýlanandygyny belledi.

Kasam edişlik dabarasyndan soň çykyş eden Mirziýoýew, ýaňadandan prezidentlige saýlanandygy üçin halkyna sagbolsun aýtdy.

Mirziýoýew “Özbegistanyň Prezidenti hökmünde sýalanmagymy, täze Özbegistanyň gurulmagy baradaky syýasatymyzyň takdyr edilmegi hökmünde kabul edýärin” diýdi.

Share :
Share :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز