• news ID :

    108574

  • /
  • Date :

    2022-03-19

  • Font

Serdar Berdimuhamedow 1 300x169 - Serdar Berdimuhamedow Kasam Edip Prezidentlik Wezipesine GirişdiTurkmensNews-  Türkmenistanda 12-nji martda geçirilen prezident saýlawynda üstün çykan Serdar Berdimuhamedow kasam edip wezipesine girişdi.

Serdar Berdimuhamedow üçin Ruhyýet köşkünde kasam ediş dabarasy guraldy.

7 ýyl möhlet bilen iş alyp barjak Berdimuhamedow 1981-nji ýyllyň 22-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde dünýä inýär. Başlangyç we orta mekdebi Aşgabatda tamamlan Berdimuhamedow Türkmenistanyň Oba hojalyk uniwersitetiniň inženerçilik-tehnologik bölüminde ýokary bilim alýar.

Berdimuhamedow Döwlet Azyk senagaty bileleşiginiň Daşary ykdysady gatnaşyklar edarasynda bilermen bolup işleýär.

2008-nji – 2011-nji ýylllaryň aralygynda Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa akademiýasynyň Halkara gatnaşyklar bölüminde bilim alan Serdar Berdimuhamedow, şol döwürde Türkmenistanyň Moskwadaky Ilçihanasynda geňeşçi bolup işleýär.

Berdimuhamedow 2011-2013-nji ýyllaryň aralygynda Şweýsariýanyň Ženawa şäherinde Ýewropanyň howpsuzlygy boýunça bilim alýar we şol bir wagtda-da BMG-niň Ženewadaky ofisindäki Türkmenistanyň wekilhanasynda işleýär.

Daşary işler ministrliginde Ýewropa ýurtlary boýunça bölüm müdiri bolup işlän Berdimuhamedow, Daşary işler ministrliginiň Halkara maglumatlar departamentiniň başlygy we Türkmenistanyň Mejlisiniň Kanun çykaryş toparynyň başlygy wezipelerinde işleýär.

Berdimuhamedow Daşary işler ministriniň orunbasarlygy wezipesinden son 2020-nji ýylda Ahal welaýatynyň häkimi bolup işleýär.

Rus we iňlis dillerini bilýän saýlanan Prezident ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary bolup işleýärdi.

Share :
Share :
Etiketkalar :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز