21448
2018-06-01
TurkmensNews- Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani medeniýet we hünär işgärleri bilen geçiren duşuşygynda Eýran milleti halkara kanunlara garşy geýän namardlarça we zalymlarça basyşlaryň garşysynda boýun bolmaz diýdi.
prezident Hasan Ruhani bu duşuşykda ýadro ylalaşygy baradaky borçlaryna Eýranyň amal edenligine yşarat edip Eýran milleti gol çeken şertnamasyndan dänen döwletiň garşysynda durandyr diýmek bilen Eýran milleti agzybir we batyr milletdigini dünýä görkezmelidir diýip nygtady.
Eýranyň döwlet baştutany şeýle-de käbir gudratlaryň we sebit ýurtlaryň Eýrana garşy boluşlaryna yşarat edip bu günki gün dünýäniň aglaba ýurtlary haky Eýrana berýändirler we bu buýsanç taryhda mydamlyk galjakdyr diýip beýan etdi.
Eýranyň beýik milletiniň kynçylyklardan baş ýokary çykjakdygyna şek-şubhe ýokdyr diýip prezident Ruhani sözüne goşdy.
Related posts
Commets
Last News
18 آوریل 2021
17 آوریل 2021
16 آوریل 2021
14 آوریل 2021
13 آوریل 2021
Your Comment