• news ID :

    71439

  • /
  • Date :

    2020-03-15

  • Font

روحانی 6 300x185 - Ruhani:Eýran ilaty we resmileri Koronawirusynyň döreden kynçylyklaryny üstünlikli arka atarlar diýdiTurkmensnews- Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Korona keseliniň öňüni almakda heniz garantyna meselesine hajat ýokdyr diýmek bilen Eýran ilaty we resmileri arkalaşyp bu dartgynlylygy üstünlik bilen arka atarlar diýip yglan etdi.

prezident Hasan Ruhani şu gün Tehranda ykdysady aktiwisleriň wekilleri bilen döwletiň ykdysady ştabynyň ortak maslahatynda beren gürrüňlerinde ýurduň ykdysady ýagdaýy,ilatyň ykdysady işleri saglygy goraýyş protokollara üns bermegiň ýanynda adaty bolmalydyr we bu ugurda kynçylyga ýol berilmeli däldir diýip yglan etdi.

prezident Ruhani döwlet özüniň ilata berýän gulluklaryny adadty suratda olaryň erkinde goýup durandyr diýmek bilen döwletiň berýän gulluklarynda her hilli çäklik döredilmeli bolsa deslap ol mesele Tehranda Korona garşy milli ştabynyň maslahatynda ara alynyp barlanylmalydyr diýip beýan etdi.

prezident Hasan Ruhani şeýle-de Tehran öz goňşylary bilen gürrüň edip durandyr diýmek bilen bu söhbetdeşlikler,saglygy goraýyş protokollara laýyklykda serhetlerde transportyň we gatnawlaryň ýola goýulmagy ugurdadyr diýip yglan etdi.

۲۰۱۹-nji ýylyň soňlarynda Hytaýyň Wuhan şäherinde Korona wirusynyň görülmeginden soň indi bu wirus dünýäniň ۱۵۵ ýurduna ýaýrandyr.

Share :
Share :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز