20469
2018-05-26
TurkmensNews- Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani at-abraý bir millete her bir zatdan ýokardadyr diýmek bilen baý we köp sanly milletimiz bolsada emma bir uly gudratyň garşysynda ejiz bolsak hiç ýere ýetmeris diýip nygtady.
prezident Hasan Ruhani Tehranda Horramşäheriň halas bolmagynyň ýyllygyna bagyşlanyp geçirlen çärede beren gürrüňlerinde Amerikanyň prezidenti Arabystan ilatyny süýtli sygyr hasaplaýar we olar sagylmalydyr diýip utançsyzlyk bilen beýan edýär diýmek bilen baýlyk we gözel ýaşaýyş gowy zatdyr emma ondan ýokarda durýan zat şol milletiň orun mertebesi we abraýydyr diýip nygtady.
Ruhani sözüniň dowamynda egerde Eýranyň ýaragly güýçleri bu ýurduň serhetlerini, abraýny hemde yslam we yslam ynkylabyny goraman bolsalardy bu günki gün haýsy ýagdaýda durjagymyz belli däldi diýip beýan etdi.
Ruhani şeýle-de geçen näçe ýylda bir topar terrorçynyň Yragyň we Siriýanyň mililetleriniň başyna näme belalary getirendigini hemmämiz görendiris diýip sözüne goşdy.
Related posts
Commets
Last News
18 آوریل 2021
17 آوریل 2021
16 آوریل 2021
14 آوریل 2021
13 آوریل 2021
Your Comment