• news ID :

    23596

  • /
  • Date :

    2018-06-13

  • Font

Ruhani 300x169 - Ruhani bilen makron ýadro ylalaşygy barada gürrüň etdilerTurkmensNews – Eýran bilen Fransiýanyň prezidentleri telefon arkaly ikitaraplaýyn, sebitleýin we ýadro ylalaşygyna degişli meseleler barada gürrüň etdiler.

Eýranyň döwlet baştutany hasan Ruhani sişenbe güni ikindin Fransiýanyň prezidenti Emanuel makron bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde ýadro ylalaşygyny goramak baradaky ýewropanyň ylaýtada Fransiýanyň pozisiýasy barada hoşallyk bildirip bu gürrüňler we beýannamalar ýadro ylalaşygy esasyndaky Eýranyň bähbitlerini üpjün etmek ugurda amaly çäreler bilen hemra bolmalydyr diýip nygtady.

Eýranyň döwlet baştutany hasan Ruhani sözüniň dowamynda diplomatiýa örisinde uly üstünlik hasaplanýan ýadro ylalaşygyň bir ýurduň birtaraplaýyn hereketi bilen bozulmagyna rugsat berilmelidäldir diýmek bilen wagt çäklidir we egerde Eýran ýadro ylalaşygyň bähbitlerinden peýdalanyp bilmejek bolsa onda galmak mümkindäldir diýip yglan etdi.

Fransiýanyň prezidenti Emanuel Makron hem ýene bir gezek pariž döwletiniň ýadro ylalaşygy barada ygrarynda duranlygyny aýtmak bilen bir wagtda ýadro ylalaşygyň bähbitlerinden Eýrayň peýdalanyp bilmegi dogrysynda göz öňüne tutulan amaly çärelerden habar berdi.

Share :
Share :
Tags :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز