• news ID :

    102742

  • /
  • Date :

    2021-10-23

  • Font

Putin 300x200 - Putin Owganystanyň maliýe aktiwleriniň doňdurulmagyny goldaýarTurkmensNews-  Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, Halkara Waldaý jedelleşik klubynyň Soçidäki maslahatynda çykyş etdi

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, Owganystandan 20 ýyl çykmadyk NATO agza ýurtlaryň bu ýurtda başdan geçirilen hadysalaryň jogapkäridigini belläp: “Etmeli ilkinji zatlary Owganystanyň maliýe aktiwlerini doňdurmak we Owganystanyň güntertibindäki sosial we ykdysady meseleleri çözmegine mümkinçilik bermekdir” diýip belledi.

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, Halkara Waldaý jedelleşik klubynyň Soçidäki maslahatynda beýanat berdi.

Owganystandaky ýagdaýyň kadalaşmagy üçin ykdysadyýetiň ýaňadandan dikelmegine kömek berilmeginiň gerekdigini aýdan Putin, Hytaýyň, Russiýanyň we Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň bu tapgyra gatnaşmagynyň ähmiýetini belläp geçdi.

Owganystandan 20 ýyl çykmadyk NATO agza ýurtlaryň bu ýurtda başdan geçirilen hadysalaryň jogapkäridigini aýdan Putin: “Meniň pikirimçe etmeli ilkinji zatlary Owganystanyň maliýe aktiwlerini doňdurmak we Owganystanyň güntertibindäki sosial we ykdysady meseleleri çözmegine mümkinçilik bermekdir” diýip habar berdi.

Putin, Russiýanyň we Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň Owganystana goňşy bolan ýurtlaryň raýatlarynyň ýagdaýy nähili bolsa bolsun özlerini howpsuzlyk astynda duýmaklaryny üpjün etmek üçin iş alyp barjakdyklaryny aýan etdi.

Share :
Share :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز