• news ID :

    112225

  • /
  • Date :

    2022-07-06

  • Font

روسیه ازبکستان 300x151 - Putin Mirziýoýew Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik GeçirdiTurkmensNews-  Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýoýew bilen Garagalpagystan Awtanomiýasyndaky wakalar hakynda pikir alyşdy.

Kremlden berilen beýannama görä Putin Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Garagalpagystandaky ýagdaý hakynda pikir alyşylan telefon söhbetdeşliginde rus tarapy Özbegistanyň hökümetine adybir sebitde ýüze çykan ýagdaýyň kadalaşmagy ugrundaky başlangyçlaryny goldaýandygyny beýan etdi.

Özara gatnaşyklar hakynda-da pikir alyşylan telefon söhbetdeşliginde Putin we Mirziýoýew ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň gelejekde hasam ösdürilmegini isleýändiklerini nygtadylar.

Özbegistanyň Konstitutsiýasynda Garagalpagystan Awtanomiýasynyň hukuk derejesi bilen bagly maddalaryň üýtgedilmegi hakyndaky käbir teklipleriň gün tertibine gelmeginden soň 1-nji iýulda Garagalpagystanda protest ýörişleri geçirilipdi.

Özbegistanyň İçeri işler ministrligi şol protest ýörişiniň ýurduň konsitutsiýasyna girizilmegi göz öňünde tutulýan özgertmeleri “ýalňyş analiz eden” raýatlar topary tarapyndan guralandygyny beýan edipdi.

Wakalardan soň Özbegistanyň Prezidenti Mirziýoýew protest ýörişleriniň guralan ýeri bolan Nöküs şäherine baryp, raýatlar bilen duşuşdy we Garagalpagystanyň hukuk derejesiniň üýtgemejekdigini beýan edipdi.

Mirziýoýewiň protest aksiýalarynyň dowam etmegi sebäpli gol çeken karary bilen Garagalpagystan Awtanomiýasynda 2-nji awgusta çenli adatdan daşary ýagdaý dolanşygy düzgüni yglan edilipdi.

Share :
Share :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز