108904
2022-03-30
TurkmensNews- Prezident Erdogan “Durmuşa geçiriljek işler bilen özara söwda mukdaryny 10 milliard dollara ýetireris” diýdi.
Prezident R. T. Erdogan, Türkiye bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda mukdarynyň ۲۰۲۱-nji ýylda 72 göterim artyp 3,6 milliard dollardan geçendigine ünsi çekdi.
Prezident Erdogan “Durmuşa geçiriljek işler bilen özara söwda mukdaryny 10 milliard dollara ýetireris” diýdi.
Kärdeşi Mirziýoýewiň çakylygyna laýyklykda Özbegistana baran Prezident Erdogan, şu ýyl Türkiye bilen Özbegistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň ۳۰ ýyllygynyň bellenilip geçilýändigini belledi.
Erdogan “Geçirlen gepleşikler netijesinde ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary strategik hyzmatdaşlyk derejesine göterdik. Söwda mukdarymyz geçen ýyl 72 göterim artyp 3,6 milliard dollardan geçdi. Gysga wagtda özara söwda mukdaryny 5 milliard dollara, soň bolsa 10 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýäris” diýdi.
Commets
Last News
09 مه 2022
02 مه 2022
19 آوریل 2022
30 مارس 2022
21 مارس 2022
Your Comment