120602
2023-06-03
28-nji maýda geçirlen prezident saýlawynyň 2-nji tapgyrynda üstünlik gazanyp gaýtadan wezipesine saýlanan Prezident R. T. Erdogan, TBMM-de kasam etdi.
TBMM-niň wagtlaýyn başlygy hökmünde Mejlisi açan Milletçi hereket partiýasynyn lideri Dewlet Bahçeli ilki Prezident Erdogana mandatyny gowşurdy.
Prezident Erdogan soň kasam edip wezipesine girişdi.
Erdogan şeýlelikde 2028-nji ýyla çenli dowam etjek wezipesine resmi taýdan girişdi.
Dünýä ýurtlary kasam ediş dabarasy bilen ýakyndan gyzyklandy.
NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stolteberg, Wenesuelanyň Prezidenti Nikolas Maduro, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Pakistanyn Premýer-ministri Şahbaz Şerif bilen Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan hem dabara gatnaşdy.
Somali we Alžir bilen birlikde Balkan ýurtlary hem kasam ediş dabarasyna döwlet baştutany derejesinde gatnaşdy.
Kasam ediş dabarasyna käbir ýurtlar bolsa daşary işler ministri derejesinde gatnaşdy.
ABŞ-nyň adyndan kasam ediş dabarasyna ABŞ-nyň Ankaradaky ilçi Fleýk, Russiýadan adyndan bolsa Döwlet Dumasynyň başlygy Wolodin gatnaşdy.
Prezident Erdogan daşary ýurtly myhmanlarynyň hormatyna Türkiýe wagty bilen 19.00-da Çankaýa köşgünde agşam naharyny berer.
Nahardan soň Prezident Erdoganyň Ministrler kabinetiniň täze düzümini yglan etmegine garaşylýar.
Degişli Habarlar
Commets
Last News
01 ژانویه 2025
18 دسامبر 2024
14 دسامبر 2024
26 نوامبر 2024
25 نوامبر 2024
Your Comment