• news ID :

    87808

  • /
  • Date :

    2020-12-30

  • Font

میرضیایف.jpg ازبکستان 300x173 - Özbegistanyň Prezidenti Türkiýe bilen bagly beýanat berdiTurkmensNews-  Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýoýew, ýurdunyň aralarynda Türkiýe hem bolan esasy hyzmatdaşlary bilen köptaraplaýyn gatnaşyklaryny has hem ösdürjekdiklerini beýan etdi

Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýoýew, 2020-nji ýylda edilen işleriň jemlerini jemlemek we 2021-nji ýylda orta goýulan maksatnamalary beýan etmek maksady bilen Parlamentde çykyş etdi.

Mirziýoýew, daşary syýasatda Orta Aziýa ýurtlary bilen gowy goňşuçylyk, hyzmatdaşlyk we strategik hyzmatdaşlyk ýaly ugurlaryň özgerdilmegine ähmiýet berjekdiklerini habar berdi.

Mirziýoýew, öňümizdäki ýyl Daşkentde Orta Aziýa ýurtlary bilen Günorta Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň berkidilmegi maksady bilen maslahatyň geçiriljekdigini beýan etdi.

Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýoýew: “Orta Aziýany Hindi okeany bilen birleşdirjek Trans-Owgan aragatnaşyk koridorynyň döredilmegi bilen bagly ilkinji konstruktiw ädimleri etdik. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi bütin sebitde durnuklylygy we ykdysady galknyşy üpjün eder” diýip belledi we goňşy Owganystanda parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin goldawlaryny dowam etdirjekdiklerini habar berdi.

2021-nji ýylda Prezident saýlawynyň geçiriljekdigini aýdan Mirziýoýew: “Nähili kyn we çylşyrmly bolsa bolsun, demokratik reformalar ýolundan asla yza ädim etmeris. Diňe öňe tarap gideris we onuň hötdesinden geleris. Sebäbi şu günki adamlarymyz düýnki adamlar däl. Şu günki Özbegistan düýnki bilen deň däldir” diýip mälim etdi.

Share :
Share :
Etiketkalar :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز