• news ID :

    74493

  • /
  • Date :

    2020-05-04

  • Font

سد ازبکستان 300x196 - Özbegistanyň iň uly suw bendi weýran boldyTurkmensnews- Özbegistanyň iň uly bendi bolan Sardoba bendiniň döwülmegi bilen Özbegistanyň ۱۰۰,۰۰۰ töweregi ýaşaýjysy awara bolup başga ýerlere göçürildi.

Fransiýa habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Özbegistanyň günbatarynda ýerleşýän we bu ýurduň iň uly suw bendi bolan Sardoba bendi Juma güni irden bendiň aňyrsynda aşa köp suw basyşy sebäpli ol döwüldi we töwerekdäki obalarda we şäherçelerde müňlerçe öýi suw basdy, 50 adam ýaralandy we keselhanada ýerleşdirildi.

Özbek-Gazak serhediniň golaýyndaky Sardoba bendiniň döwülmegi Gazagystanyň serhetýaka obalarynyň birnäçesine hem zyýanlary ýetirendir.

Gazagystanyň prezidenti Kassem Jumart Takaýew Özbegistanyň resmilerine garşy geleňsizlik we bendiň döwülmegi barada duýduryş bermezlikleri üçin sud-da arza gozgajakdygyny habar berdi.

Gazagystanyň prezidentiniň sözlerine görä, Özbek serhedindäki 10 oba suw astyndadyr we 22,000-den gowrak adam öýlerinden göçürmäge mejbur bolandyrlar.

Share :
Share :
Tags :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز