• news ID :

    102898

  • /
  • Date :

    2021-10-25

  • Font

میرضیایف 11 300x215 - Özbegistandaky Prezident saýlawynda Mirziýoýew üstün çykdyTurkmensNews-  Özbegistan düýn geçirilen saýlawda täze Prezidentini kesgitlemek üçin saýlaw geçirilipdi

Özbegistanda geçirilen Prezident saýlawynyň gutarnykly bolmadyk ilkinji netijelerine görä, Liberal Demokrat partiýadan ýaňadandan dalaşgär bolan Şewket Mirziýoýew sesleriň ۸۰,۱ göterimini aldy.

Merkezi Saýlaw komissiýasynyň başlygy Zaýniddin Nizamhojaýew geçiren metbugat ýygnagynda, Prezident Şewket Mirziýoýewiň demokratik düzgünlere, milli kanunlara we halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda geçirilen saýlawda sesleriň ۸۰,۱ göterimini alyp ýaňadandan Prezidentlige saýlanandygyny mälim etdi.

Ýurtdaky sesleriň dolulygyna sanalandygyny aýdan Nizamhojaýew, şoňa laýyklykda jemi 16 million 212 müň ۳۴۳ adamyň ses berendigini, şol görkezijiniň jemi hasaba alynan saýlawçylaryň ۸۰,۴ göterimine deň gelýändigini aýan etdi.

Özbegistan düýn geçirilen saýlawda täze Prezidentini kesgitlemek üçin saýlaw geçirilipdi.

Kanuna laýyklykda diňe syýasy partiýalaryň Prezidentlige dalaşgär hödürläp bilýän Özbegistanda,  Ekologiýa partiýasyndan Narzulla Oblomuradow, Halk demokrat partiýasyndan Maksuda Worisowa, Milli galkynyş demokrat partiýasyndan Alişir Kadirow, Adalat sosial demokrat partiýasyndan Bahrom Abduhalimow bilen Liberal demokrat partiýasyndan ýaňadandan dalaşgär hödürlenen ýurdyň häzirki Prezidenti Şewket Mirziýoýew özara bäsleşdiler.

Prezidentiň ۵ ýyllygyna saýlanýan Özbegistanyň kanunlaryna görä islendik dalaşgäriň saýlawlarda üstün çykmagy üçin sesleriň ۵۰ göteriminden gowragyny almagy gerek, ýogsam iň köp ses alan 2 dalaşgär saýlawyň ۲-nji tapgyryna gatnaşmalydyrlar.

Ýurdy 27 ýyl dolandyran ilkinji Prezident Yslam Kerimowyň ۲۰۱۶-njy ýylyň sentýabr aýynda aradan çykmagy sebäpli şol ýylyň dekabr aýynda geçirilen möhletinden irki saýlawda 3 bäsdeşine garşy sesleriň ۸۸,۶۱ göterimini alan Şewket Mirziýoýew üstün çykypdy.

Share :
Share :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز