74607
2020-05-06
Özbegistandaky suw howdanynyň çökmegi serhediň golaýynda ýerleşýän Gazagystanyň Türkistan sebitine hem zyýan ýetirdi. Şol sebäpli Gazagystanyň Türkistan welaýatynda 30 müňden gowrak adam başga ýerlere göçürildi.
Türkistan welaýatynyň gubernatory Umirzak Şukeýew beren beýanatynda, Özbegistanyň Sardoba suw howdanynyň çökmeginden soň, suw howdanyna akan suwuň mukdarynyň azaldylmagy maksady bilen suwlama kanallaryny açandyklaryny we şol sebäpli Türkistan welaýatynda 631 öýi suw basandygyny habar berdi.
Şukeýew, suwlaryň artmagy netijesinde welaýatyň ۱۴ obasyndan 30 müň ۵۸۱ adamy başga ýerlere göçürendiklerini habar berdi.
Türkistanyň gubernatorlygy tarapyndan berilen beýanatda, aşa gelen suwlar sebäpli käbir obalarda, suw kanallarynyň kenarlarynda we ýoluň gyralaryna çägeli haltalaryň ýerleşdirilendigi aýan edildi.
Özbegistanda aşa köp ýagan ýagyşlar sebäpli 1-nji maýda Sardoba suw howdanynyň bir bölegi çöküpdi, ýüzlerçe öý suwyň aşagynda galypdy, 56 adam ýaralanypdy we 70 müňden gowrak adam başga howpsyz ýerlere göçürilipdi.
Commets
Last News
11 آوریل 2021
08 آوریل 2021
06 آوریل 2021
05 آوریل 2021
05 آوریل 2021
Your Comment