• news ID :

    68120

  • /
  • Date :

    2020-01-18

  • Font

owganistan 1 300x162 - Owganystanyň hökümeti Taliban bilen parahatçylyk gepleşiklerine taýarTurkmensNews-  Owganystanyň parahatçylyk işileri ministri Salam Rahimi, Taliban bilen gönüden parahatçylyk gepleşiklerini üçin taýardyklaryny habar berdi

Salam Rahimi ýurdyň paýtagty Kabulda geçirilen çäreleriň birinde, ABŞ bilen Talibanyň arasynda geçirilýän parahatçylyk gepleşiklerinden soň Taliban bilen Owganystanyň hökümetiniň arasynda gönüden parahatçylyk gepleşikleriniň başlanmagyna garaşýandyklaryny habar berdi.

Taliban bilen geçiriljek parahatçylyk gepleşiklerine gatnaşjak adamlaryň sanawynyň taýardygyny aýdan Rahimi: “Taliban bilen gönüden parahatçylyk gepleşiklerini başlatmak üçin wekiliýetimiz bilen birlikde taýardyrys” diýip mälim etdi.

Ministr Rahimi parahatçylyk gepleşikleriniň başlanmagy üçin Talibanyň ilki bilen hüjümlerini bes etmelidigini beýan etdi.

Geçen ýyl başlan we entegem dowam edýän ABŞ-Taliban parahatçylyk gepleşikleriniň tamamlanmagyndan soň, Owganystanyň hökümeti bilen Talibanyň arasynda gönüden gepleşikleriň başlanmagy gerek.

 

Share :
Share :
Tags :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز