68730
2020-01-29
TurkmensNews- Owganystan Gazna welaýatyna ABŞ-e degiŞli bir harby uçaryň ýere gaçmagy bilen baglanşykly dernew işi başladyldy
ABŞ-nyň goşuny Owganystanda duşenbe güni ýere gaçan uçaryň Amerikanyň goşunyna degişli E-11A kysymly harby uçardygy tassyklandy
Emma uçaryň od açylyp ýere gaçyrylandygy bilen baglanşykly hiç hili subutnamanyň ýokdygy aýan edildi.
Owganystandaky Amerikan harby güýçleriniň metbugat geňeşçisi uçaryň näme sebäpli gaçandygynyň derňelýändigini habar berdi.
Gözegçilik maksatly ulanylan uçaryň Gazna welaýatynda terror guramasy Talibanyň gözegçiligindäki Deh Ýak diýilen ýerine gaçypdy.
Terror guramasy Taliban uçary od açyp ýere gaçyrandygyny we içindäki amerikan esgerleriniň ölendigini öňe sürüpdi.
Related posts
Commets
Last News
17 آوریل 2021
16 آوریل 2021
14 آوریل 2021
13 آوریل 2021
11 آوریل 2021
Your Comment