• news ID :

    100025

  • /
  • Date :

    2021-08-18

  • Font

owganistan 2 - Owgan Zenanlary Işlemäge we Bilim Almaga Dowam EderTurkmensNews–  Şahin, Talibanyň häkimiýetiň başyna geçmeginden soň müňlerçe mekdebiň öz işini dowam etdirýändigini ýatlatdy

Talibanyň metbugat geňeşçisi Suheýl Şahin, Owganystandaky zenanlaryň işlemek we ýokary bilim almak hukuklarynyň dowam etjekdigini aýtdy.

Şahin, Sky Nýuse beren beýannamasynda, Talibanyň häkimiýetiň başyna geçmeginden soň müňlerçe mekdebiň öz işini dowam etdirýändigini ýatlatdy.

Talibanyň metbugat geňeşçisi zenanlaryň ýokary bilim almaga we işlemäge dowam etjekdigini belledi.

Günä geçişlik yglan edendiklerini nygtan Şahin, ozal owgan hökümeti bilen işleşenleriň emlaklaryny we howpsyzlyklaryny üpjün etjekdiklerini belledi.

Britaniýa bilen halkara jemgyýetçiliginiň owgan halkynyň talaplaryna sarpa goýmalydygyny nygtan Şahin, “Bu olaryň jogapkärçiligi, sebäbi 20 ýylyň dowam eden Owganystandaky ýykylşygyň arkasynda şolar bardy” diýdi.

Şahin, şol ýurtlaryň Owganystanyň ýaňadandan dikeldilmegine we ynsanlaryň ýurtda täze sahypa açmagyna goldaw bermelidigne ünsi çekdi.

ABŞ-nyň ähli esgerlerini ýurtdan çekmelidigini nygtan Şahin, Talibanyň olara hüjüm etmejekdigini belledi.

Share :
Share :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز