64337
2019-11-03
TurkmensNews- Orsýetiň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Maria Zaharowa Amerikanyň Siriýanyň demirgazyk gündogaryndaky nebit meýdanlarynyň nebitini satmagyna tankyt bildirip Amerika bu meýdanlaryň nebitini satyp her aýda 30 million dollardan artykmaç gazanç edýändir diýdi.
Orsýetiň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Orsýetiň goranmak ministrliginiň bu barada ýaýradan maglumatlaryna esaslanyp Amerikanyň özüniň Siriýa garşy ýola beren gadaganlyklaryna garamazdan bu ýurduň nebitini Siriýadan gaçak etmek bilen her aýda 30 million gazanç edýändir we belli bolşyndan Siriýadan çykmak niýeti ýokdyr diýip yglan etdi.
Amerikanyň Siriýanyň nebit meýdanlaryndan alýan nebitini gaçak etmegi bikanun işdir diýip Zaharowa sözlerine goşdy.
durmuşda Siriýanyň demirgazyk we demirgazyk gündogar sebitlerinde ýerleşen nebit meýdanlaryň bir näçesi Amerika tarapyndan goldanýan Siriýanyň demokratik Kürt güýçleriniň kontrol astyndadyrlar.
Related posts
Commets
Last News
17 آوریل 2021
16 آوریل 2021
14 آوریل 2021
13 آوریل 2021
11 آوریل 2021
Your Comment