109916
2022-05-02
TurkmensNews- Gyrgyzstanda müňlerçe musulman Oraza baýramy namazyny metjitlerde we uly şäherleriň meýdanlarynda okadylar.
Prezident Sadyr Japarow, Mejlisiň Başlygy Talant Mamytow, Milli howpsuzlyk komitetiniň Başlygy Kamçybek Taşiýew hem jemagat bilen namaza durdy.
Nigeriýanyň esasy şäherlerinden biri bolan Kanoda Emir Aminu Ado Baýero köşdäkiler bilen duşuşdy, soň köşküň öňünde deprek-surnaý çalyndy, feýerwerk atyldy we şäheriň käbir metjitlerinde ylahylar okaldy.
Ýaponiýada paýtagtda we welaýatlarda ýaşaýan musulmanlar Oraza baýramy mynasybetli Tokio metjidinde jemlenşdiler. Şibuýa sebitindäki metjidiň golaýyndaky köçelerde namaz üçin nobata duran jemagat, Kowid-19 düzgünlerine görä metjide kabul edildi. Tokio metjidiniň ymamy Muhammet Ryfat Çynar okan hutbasynda “asudalyk we doganlyk yklymy bolan baýramlaryň yslam dininde eýe bolan ähmiýetine” ünsi çekdi.
Malaýziýada paýtagtda, Salangorda we golaýdaky welaýatlarda musulmanlar Oraza baýramy mynasybetli Yslam uniwersitetinde jemlenşdi.
Germaniýada Din işleri Türk yslam bileleşiginiň merkezine degişi Keln metjidinde okalan namaza uly gatnaşyk boldy.
Yragyň Kerkuk şäherinde baýram namazy üçin metjitlere dolan raýatlar, ýurduň parahatçylygy we asudalygy üçin doga okadylar.
Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda İlahiýýat, Haýdar, Täzepir metjitleri bilen Gök metjit ertiriň irki sagatlarynda namaz okamak isleýän raýatlardan dolup, daşdy.
Aksa metjidinde 200 müň adam baýram namazyny okady. Ysraýyl tarapyndan basylyp alynan Gündogar İýerusalimdäki Gadymy şäher etrabyna barýan ýollar Aksa metjidine gitmek isleýän ýaşlardan, garrylardan, zenanlar, erkeklerden we çagalardan doldy.
Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynda, Özbegistanda, Şweýsariýada, Russiýada hem musulmanlar baýram namazyny metjitlerde okap, dünýäniň asudalygy we parahatçylygy üçin doga-dileg etdiler.
Commets
Last News
19 ژانویه 2025
01 ژانویه 2025
18 دسامبر 2024
14 دسامبر 2024
26 نوامبر 2024
Your Comment