• news ID :

    114881

  • /
  • Date :

    2022-10-23

  • Font

turkmenistan ozbakistan 300x169 - Mirziýoýew Aşgabada Iş Saparyny GuradyTurkmensnNews-  Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistana iş saparyny gurady.

Saparyň dowamynda iki ýurdun arasynda bar bolan özara we sebitleýin hyzmatdaşlyk ugurlary boýunça pikir alyşyldy.

2022-2024-nji ýyllaryň aralygyndaky döwür üçin Hyzmatdaşlyk maksatnamasy kabul edildi.

Türkmen-Özbek gatnaşyklarynyň taryhynda hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitlilik kadalaryna esaslanýan täze sahypa açylýar. Döwlet Ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedowyň 14-nji iýulda Özbegistana guran saparyndan soň özbek kärdeş Mirziýoýew jogap sapary bilen Aşgabada geldi. Türkmenistanyň Lideri Özbegistanyň döwlet Ýolbaşçysyny Oguzhan köşgüniň öňünde mähirli garşylady.

Soň liderler özara we sebitleýin hyzmatdaşlyk ugurlary boýunça giňişleýin pikir alyşdylar. İki ýurduň arasyndaky söwda mukdary soňky ýyllarda üç esse artdy. Taraplar ösýän gatnaşyklara öz kanagatlanmasyny bildirdiler.

Duşuşyklarda strategik hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagy boýunça ylalaşyldy; söwda, ykdysady, logistika, oba hojalygy we senagat pudaklarynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin orta möhletli maksatnama kabul edildi. İki ýurduň hökümet resmileriniň arasynda 2022-2024-nji ýyllaryň aralygyndaky döwür üçin Giňgerimli hyzmatdaşlyk maksatnamasy kabul edildi, köp sanly ylalaşyga gol çekişildi.

Türkmen-Özbek serhet söwda zolagynda Söwda merkeziniň açylmagy we onuň düzgünleriniň kesgitlenmeginiň iki ýurduň doganlyk halklarynyň bähbidine köp ugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşant goşjakdygy beýan edildi. Noýabr aýynda Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda Türkmen-Özbek dostluk festiwalynyň geçirilmegi boýunça karara gelindi.

Özbek lideri Aşgabatda Daşkent seýilgähiniň açylyşyna gatnaşdy.

Share :
Share :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز