• news ID :

    93459

  • /
  • Date :

    2021-04-22

  • Font

4by0d8bd126f481uxvg 800C450 150x150 - Metbugat azatlygy sanawynda Türkmenistan 178-nji ýerde durýarTurkmensnews- 2021-nji ýylda “Serhetsiz habarçylar” metbugat habarnamasynda Türkmenistan 180 ýurtdan 178-nji orny eýeledi.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, bu reýtingde Türkmenistan 80.03 bal toplady, bu san 2020-nji ýyldakydan 5,41 bal azdyr. Bal näçe pes bolsa, ýurt Žurnalistler üçin erkinräkdir.

Reýtingde Türkmenistany “barha artýan aňtaw gullugy” hökmünde görýärler we resmileriň Covid-19-yň ýurtdaky täsiriniň hakykatyny ykrar etmeýändikleri nygtalýar.

Şeýle hem hasabatda Türkmenistanda garaşsyz metbugat üçin işleýän birnäçe Žurnalistiň yzarlanmagynyň dowam edýändigi aýdylýar.

“Serhetsiz habarçylar” ozal 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda turkmen.news sahypasyna surat iberenden soň dört ýyl azatlykdan mahrum edilen Nurgeldi Halikowyň boşadylmagyny talap edipdi.

Hasabata görä, “Serhetsiz habarçylar” sanawynda ilkinji bäş ýurt Norwegiýa, Finlýandiýa, Şwesiýa, Daniýa we Kosta Rika.

Gyrgyzystan Merkezi Aziýada iň erkin ýurtdyr. ýaňky sanawda Gyrgyzystan 79-njy ýurt.

Share :
Share :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز