• news ID :

    19587

  • /
  • Date :

    2018-05-17

  • Font

Aýatolla hameneýi 300x169 - Mertebesi belent Ýolbaşçysy ,Aziýa ýurtlary birek-birek bilen köpräk arkadaşlyk etmelidirler diýdiTurkmensNews – Eýranyň Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent Ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi hezretleri Sirilankanyň prezidenti Maithripala Sirisenanyň duşuşygynda beren gürrüňlerinde Aziýa ýurtlary birek-birek bilen köpräk arkadaşlyk etmelidirler diýdiler.

Şu gün Aziýa ýurtlary birek-birek bilen köpräk arkadaşlyk etmelidirler Şrilankanyň prezidenti Maithripala Sirisena bilen geçiren duşuşygynda iki ýurduň medeni we taryhy gatnaşyklaryna yşarat edip Eýran bilen Şrilankanyň söwda dolanşygynyň durmuşky möçberi iki ýurduň mümkinçiliklerine görä gaty azdyr diýip beýan etdiler.

Eýranyň Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent Ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi hezretleri şeýle-de Eýranyň ylmy, tehniki we barlag işlerdäki gazanan üstünlikleri Eýran bilen Şrilankanyň hyzmatdaşlyklarynyň ösdürilmegine gowy mümkinçilik döredip durandyr diýmek bilen Eýran Yslam respublikasy Şrilanka bilen dostlygyny we hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga taýýardyr diýip yglan etdiler.

Eýranyň Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent Ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi hezretleri şeýle-de şu gün Eýran bilen Şrilankanyň arasynda gol çekilen ylalaşyklar çynlakaýlyk bilen yzarlanyp amala aşyrylmalydyr diýip sözüne goşdy .

Aýatolla hameneýi hezretleri, Eýran, Aziýanyň günbatarynyň iň uly bazary höküminde önüm öndürýän taraplara şol sanda Aziýanyň gündogary bilen günorta gündogaryndaky ýurtlara gaty möhümdir we Aziýa üçin bir strategik uly şärik bolýandyr diýip aýtdy.tejribäniň görkezşine görä: Aziýa ýurtlary,ortak ykdysady maksatlara ýetilmeginde ynamly hemra bolup bilýändirler.

Şrilankanyň prezidenti Maithripala hem bu duşuşykda Eýranyň ylmy ösüşlerinden Şrilankanyň peýdalanyp bilmegini umyt etdi.Eýran yslam respublikasynyň, Azerbaýjan jümhürligiň öňki ilçisi Mohsen Pak Aýyn,Aziýa ýurtlary bilen gatnaşykda bolmaklygyň köp bähbitlerine yşarat edip,bu ýurtlar daşary gatnaşyklary berkarar etmeklerinde syýasy maksatlaryny az dahylly etýändirler we öz degerliklerini dünýäň başga ýurtlaryna töňkelemegiň yzynda däldirler diýdi.şonuň üçin,meňzeş bähbitlere we medeniýete daýanylmagy bilen ykdysadyň ösdürülmegi we sebitdir sebitaşa kynçylyklara garşy göreşilmegi ugurynda bar bolýan potansiýellerden we görümlerden köp haýyrlanylmagy Aziýanyň bütin ýurtlarynyň peýdasynadyr, we şu ugurda Eýranyň firmalary Sirilankada dürli bölümlerde şol sanda suw howdanlarynyň gurulmaklarynda , tok merkezleriniň açylmaklarynda we beýleki ugurlarda hyzmatlary etmäge taýýardyrlar.

Share :
Share :
Etiketkalar :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز