124345
2023-11-30
Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Mariýa Zaharowa Russiýanyň Hamas hereketine rus ýesirleri azat edendigi üçin minnetdardygyny habar berdi
Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Mariýa Zaharowa: “Hamas bilen gazanylan ylalaşyga laýyklykda 29-njy noýabrda Gaza zolagynda ýesirlikde saklanan raýatlarymyz Ýelena Trufanowa we Irina Tatti azat edildi. Dowamly ýüzlenmelerimize oňyn jogap berendigi üçin Hamasa minnetdardyrys. Gaza zolagynda saklanýan beýleki raýatlarymyzyň hem iň gysga wagtda azat edilmekleri üçin işlerimizi dowam etdirýäris” diýip beýan etdi.
29-njy noýabrda Hamas rus raýaty bolan 2 ýesiriň azat edilendigini we Gyzyl ýarymaý jemgyýetine gowşurylandygyny habar beripdi.
Hamas 26-njy noýabrda Rin Kriwoý atly rus raýaty Ysraýyl we Palestinanyň arasyndaky ýesir ylalaşygyndan garaşsyz ýagdaýda azat edipdi, Zaharowa Hamasyň ädimini ýagşy niýetiň görkezijisi hökmünde häsýetlendiripdi.
Degişli Habarlar
Commets
Last News
01 ژانویه 2025
18 دسامبر 2024
14 دسامبر 2024
26 نوامبر 2024
25 نوامبر 2024
Your Comment