97575
2021-06-29
TurkmensNews- 2021-nji ýylyň 26-njy iýunynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly «Magtymguly Pyragy we türkmen halkynyň garaşsyz döwletlilik taglymaty» atly halkara maslahaty geçirildi.
Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanan bu çärä dünýäniň dürli ýurtlaryndan döwlet işgärleri, meşhur ylmy wekilleri, şeýle hem syýasatşynaslary we taryhçylary gatnaşdylar.
Forumyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldiniýazow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara maslahatyna gatnaşyjylara iberen gutlagyny okady. Maslahaty Türkmenistanyň Bilim ministri Orazdurdy Gurbanow alyp bardy.
Forumyň plenar mejlisine Türkiýeden, Türkiýe-Türkmenistan dostluk birleşiginiň Magtymguly Ylmy komitetiniň başlygy Abdyrahman Guzel gatnaşdy. Türkiýe-Türkmenistan doganlygynyň bir millet iki döwlediň mizemez binýadynyň Magtymguly Pyragy we beýleki türkmen ata-babalary tarapynda goýlandygyny beýan eden Güzel, onuň şygyrlarlarynyň doganlymyzy güýçlendirýändigini, göňüllerimizi birleşdirýändigimizi aýtdy. Akyldar şahyry ähli eserleriniň türk diline terjime edilendigini aýdan Professor Güzel, Türkiýede üç günüň dowamynda dürli şäherlerde Magtymguly Pyragynyň hatyralanýandygyny beýan etdi.
Soňra maslahat öz işini 4 sessiýada dowam etdi. Maslahatyň «Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwleti» atly birinji sessiýasy we «Magtymguly Pyragynyň şygryýeti – ylham çeşmesi» atly ikinji sessiýasy Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirildi.
«Magtymguly Pyragy we ylym-bilimiň jemgyýetdäki orny» atly üçünji sessiýa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçdi.
Maslahatyň «Ähli göwünleriň, ähli döwürleriň, tutuş ynsan kalbynyň şahyry» atly dördünji sessiýasy bolsa Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde geçirildi. Sessiýalaryň dowamynda jemi 220-den gowrak çykyşlar diňlenildi.
Commets
Last News
01 ژانویه 2025
18 دسامبر 2024
14 دسامبر 2024
26 نوامبر 2024
25 نوامبر 2024
Your Comment