25810
2018-06-29
Syyasat Habarlary- Eýranyň mejlis başlygy Ali Larijani Eýran Yslam Respublikasy özüniň belli usullaryna we taktiklaryna daýanyp 5+1 ýurtlary bilen ýadro gepleşiklerine girişipdi we onuň netijesi hem Birleşen Milletler Guramasynyň howpsyzlyk geňeşiniň kesgitlemegi bilen hasyl bolan ýadro ylalaşygydyr diýdi.
Eýranyň tele-radio habarlar gullugynyň beren habaryna görä,şu gün Eýranyň mejlis başlygy Ali larijani Tehranda beren gürrüňlerinde ýadro ylalaşygy baradaky Eýranyň maksatlaryna yşarat edip howpsyzlyk geňeşiniň 7-nji aslyndan çykmak,PMD dosýesiniň baglanmagy we ýadro gadaganlyklaryň ýatyrylmagy Eýran bilen 5+1 ýurtlaryň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijelerindendi emma Amerika döwleti bir taraplaýyn şekilinde bu ylalaşykdan çykandyr diýip nygtady.
Amerika ýadro ylalaşygyndan çykmagyndan soňra syýasy we howpsyzlyk durnuksyzlyklary hemde Eýranda kynçylyk döretmekligi göz öňüne aldy we oňa ýetmek üçin ykdysady çärä ýüzlendi diýip Larijani sözüne goşdy.
Commets
Last News
22 ژانویه 2025
19 ژانویه 2025
01 ژانویه 2025
18 دسامبر 2024
14 دسامبر 2024
Your Comment