7551
2018-05-16
Eýranyň yslam şura mejlisiniň başlygy Ali Larijani Amerika döwleti dünýäde parahatçylygy berkarar etmek niýeti bilen guralan Birleşen Milletler Guramasyny ýok etmegiň yzyndadyr we we dünýäni durnuksylyga tarap iterýändir diýip nygtady.
şu gün Eýranyň yslam şura mejlisiniň başlygy Ali Larijani mejlisiň açyk maslahatynyň başynda eden çykyşynda Amerikanyň telawiwdaky ilçihanasynyň basybalynan Kudusa geçirlenligine yşarat edip bu meselä dünýä ýurtlarynyň aglabasynyň garşy çykanlygyna we BMG-iň tassyklamalarynyň hem ony kabul etmeýänligine garamazdan Amerikalylar bu hereketi bilen BMG-ini ygtybardan gaçyrandyrlar diýip beýan etdi.
Eýranyň yslam şura mejlisiniň başlygy Ali Larijani şeýle-de duşenbe güni sionist režimiň palestinalylara garşy amala aşyran uly jenaýatyny ýazgarmak bilen bir wagtda bu uly jenaýat Amerika we sionist režimi üçin gara menek bolup galjakdyr diýip sözüne goşdy.
Commets
Last News
29 مه 2023
22 مه 2023
20 مه 2023
18 مه 2023
15 مه 2023
Your Comment