86344
2020-12-01
TurkmensNews- Kuweýtiň we Owganystanyň daşary işler ministrleri Eýranyň daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Eýranyň belli ýadro we goranmak alymynyň terror edilmegini ýazgardylar.
Daşary işler ministrliginiň umumy maglumat we metbugat sekretarynyň habar bermegine görä, duşenbe güni Owganystanyň Daşary işler ministri Hanif Atmar Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Eýranyň döwletine we halkyna gynanç we duýgydaşlyk bildirmek bilen “Mohsen Fahrizadeh” -iň şehit bolmagyna sebäp bolan terrorçylykly hereketi ýazgardy.
Owganystanyň Daşary işler ministri şeýle-de terrorçylygyň her bir görnüşde hem ret edilýändigini nygtady.
Iki ýurduň hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk resminamasy, Haf-Herat demir ýolunyň açylmagy we iki ýurduň suw pudagyndaky hyzmatdaşlygy ýaly ikitaraplaýyn meseleler Eýranyň we Owganystanyň Daşary işler ministrleriniň arasynda pikir alyşmagyň beýleki temalary hökmünde yglan edildi.
Kuweýtiň Daşary işler ministri Ahmed Naser al-Muhammet al-Sabah hem Eýranyň daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde geçen anna güni Mohsen Fahrizadehiň şehit bolmagyna sebäp bolan rehimsiz terror hüjümini ýazgardy.
Commets
Last News
22 ژانویه 2025
19 ژانویه 2025
01 ژانویه 2025
18 دسامبر 2024
14 دسامبر 2024
Your Comment