• news ID :

    73098

  • /
  • Date :

    2020-04-11

  • Font

dvs vkh 300x185 - Koronawrus dünýä ýurtlaryna howp salmaga dowam edýärTurkmensNews–  Dünýäde koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 100 müň adamdan, sagalanlaryň sany bolsa 370 müň adamdan geçdi

Dünýäde koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 100 müň adamdan, sagalanlaryň sany bolsa 370 müň adamdan geçdi.

Italiýada Kowid-19 sebäpli soňky 24 sagatda ýogalanlaryň sany 980 adam artyp 8 müň ۹۵۸ adama ýetdi. Ýurtda epidemiýa garşy göreşiň çäginde karantinanyň möhledi 3-nji maýa çenli uzadyldy.

Fransiýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 1 günde 987 adam artyp 13 müň ۱۹۷ adama ýetdi. Wirus ýokaşanlaryň sany soňky 24 sagatda 4 müň ۳۴۲ adam artyp 90 müň ۶۷۶ adama ýetdi.

Britaniýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 980 adam artyp 8 müň ۹۵۸ adama ýetdi. Bejergi alýanlaryň sany 16 müň ۷۸۴ adamdan 19 müň ۳۰۴ adama ýetdi. Beýleki tarapdan “Guardian” gazeti, garrylar öýünde koronawirus sebäpli ýogalan  müň adamyň bellige alynmandygyny ýazdy.

Belgiýada wirus sebäpli ýogalanlaryň sany 3 müň adamdan geçdi, hasaba alynanlaryň sany bolsa 27 müň adama ýetdi.

Koronawirusyň merkezine öwrülen ABŞ-da Kowid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanalryň sany soňky 24 sagatda 1878 adam artyp 16 müň ۶۸۶ adama ýetdi. Wirus ýokaşanlaryň sany soňky 24 sagatda 33 müň ۸۶۱ adam artyp 466 müň ۲۹۹ adama ýetdi. Sagalanlaryň sany hem 26 müň adamdan geçdi.

Prezident Donald Tramp, “Ýurdumuz uly betbagtçylygyň ortasynda”diýdi. Prezident Tramp Ak Tamda beren beýanatynda epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 100 müň adamdan az bolmagyna garaşylýandygyny belledi.

Beýleki tarapdan ABŞ-nyň Gury ýer güýçleri serkerdeligi 800 müňe golaý ozalky harby işgäri epidemiýa garşy göreşiň çäginde işe çagyrandygyny we 25 müňe golaýynyň çagyryşlaryna oňyn jogap berendigini mäim etdi.

۶۰۰ million ilato bolan Latyn Amerikada koronawirus sebäpli 2 müň ۲۱۸ adam ýogaldy, 54 müň ۹۵۳ adam hem hasaba alyndy.

Braziliýada wirus sebäpli 1057 adam ýogaldy, 19 müň ۶۳۸ adama hem wirusyň ýokaşandygy anyklanyldy. Braziliýa sebitde epidemiýadan uly ýitgi çeken ýurt hökmünde bilinýär.

Sebitiň beýleki ýurtlarynda ýagdaý şeýle;

Ekwadorda koronawirus sebäpli 297 adam ýogaldy, 7 müň ۱۶۱ adam hasaba alyndy.

Çilide wirus 65 adamyň ýogalmagyna, 6 müň ۵۰۱ adamyň hasaba alynmagyna sebäp boldy.

Peruda wirus sebäpli 169 adam ýogaldy, 5 müň ۸۹۷ adam hasaba alyndy.

Kolumbiýada koronawirus sebäpli 69 adam ýogaldy, 2 müň ۲۲۳ adam hasaba alyndy.

Argentinada wirus sebäpli 81 adam ýogaldy, 1894 adama hem wirusyň ýokaşandygy anyklanyldy.

Boliwýada koronawirus sebäpli 19 adam ýogaldy, 268 adam hasaba alyndy.

Wenesuelada Kowid-19 sebäpli 9 adam ýogaldy, 171 adam hasaba alyndy.

Meksikada koronawirus 194 adamyň ýogalmagyna sebäp boldy, 3 müň ۴۴۱ adama hem wirusyň ýokaşandygy anyklanyly.

Panamada wirus sebäpli 66 adam ýogaldy, 2 müň ۷۵۲ adam hem hasaba alyndy.

Dominik Respublikasynda epidemiýa sebäpli 126 adam ýogaldy, 2 müň ۶۲۰ adam hem hasaba alyndy.

Kubada bolsa koronawirus sebäpli 15 adam ýogaldy, 564 adam hasaba alyndy.

Kanada-da koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 103 adam artyp 579 adama, wirus ýokaşanlaryň sany hem 2 müň ۷۵۵ adam artyp 22 müň ۴۶ adama ýetdi.

Share :
Share :
Tags :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز