• news ID :

    72682

  • /
  • Date :

    2020-04-05

  • Font

گلستان 7 300x215 - Koronawirus Dünýäde 1,200, 000 Adama ÝokaşdyTurkmensnews- Dünýäde koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 64 müňe barabar boldy.

Dünýäde koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 64 müň, wirus ýokaşanlaryň sany 1 million 200 müň, sagalanlaryň sany bolsa 250 müň adamdan geçdi.

İtaliýada koronawirus sebäpli soňky 24 sagatda 681 adam ýogaldy. Ýurtda epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 15 müň ۳۶۲ adama ýetdi. Ýogalanlaryň ۸۰ göterimi saglygy goraýyş işgärlerinden ybarat. Hasaba alynanlaryň sany bolsa 124,632 adama ýetdi.

Fransiýada epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 7 müň ۵۶۰, hasaba alynanlaryň sany bolsa 70 müň adama ýetdi. 15,438 adan bolsa sagaldy.

İspaniýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 12 müň ۴۱۸ adama ýetdi. Ýurtda adatdan daşary ýagdaýyň möhletiniň ۱۴-nji martdan bäri ikinji gezek uzadylmagyna garaşylýar. Ýurtda 28,080 adam sagaldy.

Germaniýada koronawirusdan sagalan adamlaryň sany 26,400 adam.

Belgiýada adam pidalarynyň sany 447, wirus ýokaşanlaryň sany bolsa 19,691 adam.

ABŞ-da wirus sebäpli ýogalanlaryň sany 8,500 adamdan geçdi. Nýu-Ýork ştatynda ýagdaý gün saýyn agyrlaşýar. Ýurtda soňky 24 sagatda 14,828 adam sagaldy. Nýu-Ýorkda soňky 24 sagatda 630 adamyň koronawirus sebäpli ýogalandygy habar berildi. Hytaý Nýu-Ýork ştatynda 1000 sany dem alyş enjamyny berdi.

Awstrliýada ýene-de 4 adamyň aradan çykmagy bilen epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 34-e ýetdi. Ýurtda wirus sebäpli hasaba alynanlaryň ۵,۶۶۶-a adama ýeten bolsa, 701 adam sagaldy.

Braziliýada koronawirus sebäpli soňky 24 sagatda ýene-de 72 adamyň ýogalmagy bilen aradan çykanlaryň sany 432-ä, hasaba alynanlaryň sany bolsa 10,278-e ýetdi.

Share :
Share :
Tags :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز