• news ID :

    68611

  • /
  • Date :

    2020-01-27

  • Font

Hytaýda Krona wirusy 300x210 - Koronawirus (2019-nVoC) sebäpli ölenleriň sany 80-e ýetdiTurkmensNews-  Wirusa garşy sanjym ýa-da derman ýok

Hytaýyň Saglyk toparyndan berilen beýannama görä Tibet awtanomiýasyndan daşgary ähli welaýatlara, awtanomiýa we ýörite dolanşyk sebitlerine ýaýran koronawirusyň ýokaşan adamlaryň sany 461 sanysy agyr, jemi 2744-e ýetdi.

Şeýle-de Gon-Kongda 8, Makauda 5 we Taýwanda 4 adamyň koronawirusa ýolugandygy anyklandy.

Wirusyň täsirinde galandygy çaklanylýan adamlaryň sany 5,794, wirusyň ýokaşan adamlary bilen gatnaşykda bolandyklary sebäpli gözegçilik astyna alynanlaryň sany bolsa 30,453 adam.

Epidemiýa sebäpli Hubeý welaýatynda 76, Hynan, Şanhaý, Heýlonjian we Hybeý welaýatlarynyň her haýsynda 1 adam ýogaldy.

Hytaýyň Preýer-ministri Li Kiçiangyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilen Döwlet geňeşiniň mejlisinde 31-nji ýanwarda gutarjak Bahar baýramy dynç alyşynyň 3-nji fewrala çenli uzaldyljakdygy, mekdepleriň gyşky dynç alyşynyň uzaldylmagy üçin hem meýilnamanyň düzüljekdigi beýan edildi.

Ýurtda gelim-gidimleriň azaldylmagy üçin çagyryş edilen mejlisde, internet arkaly işleme modeli ýaly çäreleriň goldanmalydygy bellenildi.

Hubeý welaýatynyň Wuhan şäherinde wirusyň ýüze çykarylmagyndan soň welaýatdaky käbir şäherlerde jemgyýetçilik transport gatnawy bes edildi. Jemi ilaty 150 milliona barabar bolan Guangdong we Jingşi welaýatlarynda maska geýmek mejbur edildi.

Pekin, Şanhaý, Tienjin we Şian şäherlerine gatnaýan awtobuslaryň şähere gelip-gitmegi gadagan edildi.

Soňky günlerde ýurtda epidemiýanyň we şol sebäpli ýogalýanlaryň sanynyň artýan bolsa, wirusa garşy sanjym ýa-da derman ýok.

Epidemiýanyň ýurtda mäçe ýaýrajakdygy bilinmeýär. Epidemiýanyň Wuhandaky ýapylan Huanan Deňiz önümleri bazarynda dörändigi çaklanylýar.

Share :
Share :
Etiketkalar :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز