• news ID :

    86890

  • /
  • Date :

    2020-12-11

  • Font

Khaf Herat demir ýoly 300x169 - Khaf-Herat demir ýoly Eýranyň we Owganystanyň prezidentleriniň gatnaşmagynda işe girizildiTurkmensNews-  Uzynlygy 140 km bolan Khaf-Herat demir ýoly, Eýranyň we Owganystanyň prezidentleriniň wideo konferensiýasynyň gatnaşmagynda işe girizildi

IRNA-nyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani penşenbe güni Khaf-Herat demir ýolunyň resmi açylyş dabarasynda Owganystanyň Prezidente we halkyna ýüzlenip, bu gün Owganystanyň we Eýranyň iki beýik döwleti üçin açylyş güni; Taryhyň dowamynda bir kökden, bir taryhdan, bir medeniýetden we bir sebitden iki ýurt birek-biregiň iň gowy ýaranlary hökmünde doganlygyny we goňşulygyny saklap gelýärler diýdi.

Ruhani sözüniň dowamynda Eýran-Owganystan gatnaşyklary elmydama ýürekleriň, pikirleriň we medeniýetleriň, özüni alyp barşyň we tagallalaryň üsti bilen amala aşyryldy we şu gün Eýran bilen Owganystanyň iki beýik döwletiniň arasyndaky taryhy günleriň biridir diýip beýan etdi.

Owganystanyň prezidenti Muhammet Aşraf Ghani hem, Khaf-Herat demir ýolunyň açylyş dabarasynda bu taslamany iki ýurt üçin taryhy we möhüm bilip bu möhüm ýoluň açylmagy, iki ýurduň sebitara baglanyşyk we geljekde ykdysady taýdan gülläp ösmek ugrundaky ýadawsyz tagallalarynyň netijesidir diýip aýtdy.

Share :
Share :
Tags :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز