• news ID :

    84934

  • /
  • Date :

    2020-10-28

  • Font

16 - Hulusi Akar, Özbegistanyň Prezidenti Mirziýoýew Tarapyndan Kabul EdildiTurkmensNews- Hulusi Akar Özbegistana guran saparynyň netijeli geçendigini belledi

Resmi sapar bilen Özbegistana giden Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, paýtagt Daşkentde Goranmak ministri Bahadyr Kurbanow we Howpsyzlyk Geňeşiň Baş sekretary Wiktor Mahmudow bilen bolan duşuşygyndan soň Prezident Mirziýoýew tarapyndna kabul edildi.

Ministr Akar kabul edilşikden soň özbek köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine beren beýannamasynda, ata ýurdy hökmünde häsiýetlendiren topraklarynda saparda bolmakdan hoşaldygyny aýtdy.

Hulusi Akar Özbegistana guran saparynyň netijeli geçendigini belledi.

Ministr Akar, netijeli gepleşiklerde harby tälim we hyzmatdaşlyk meselesi bilen birlikde goranyş senagaty pudagyndaky gatnaşyklaryň ara alnyp maslahatlaşylandygyny nygtady.

Iki ýurduň arasynda güýçli doganlyk baglaryna esaslan strategik hyzmatdaşlygyň bardygyny aýdan Akar, iki döwlet bir millet hökmünde gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagy üçin tagalla edýändiklerini ýatlatdy.

Share :
Share :
Tags :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز