67687
2020-01-11
TurkmensNews- Omanyň soltany Gabus Bin Saeediň dünýäden gatmagynyň yzy bilen Heýsäm Bin Tarok al-Saeed bu ýurduň täze soltany höküminde belli edildi
Al-Alam tele kanalyň beren habaryna görä dünýäden gaýdan soltan Gabusyň dogan oglany we Omanyň medeni miras ministri bolan Heýsäm Bin Tarok al-Saeed umuman soltan Gabusyň ýörite wekilidi we ondan ozal bu ýurduň daşary işler ministrliginde işleýärdi.
Omanyň goranmak boýunça ýokary geňeşi şu gün adatdan daşary bir maslahaty geçirdi we onuň boýunda Heýsäm Bin Tarok al-Saeed Omanyň täze soltany höküminde kasam etdi.
Omanyň wepat bolan soltany Gabus Bin Saeed içege keseline uçrap ençeme wagtlap hassalap ýatany soň 79 ýaşynda dünýäden gaýtdy.
soltan Gabus Bin Saeediň dünýäden gaýtmagynyň yzy bilen bu ýurtda 3 gün umumy matam yglan edildi.
Degişli Habarlar
Commets
Last News
19 ژانویه 2025
01 ژانویه 2025
18 دسامبر 2024
14 دسامبر 2024
26 نوامبر 2024
Your Comment