• news ID :

    93134

  • /
  • Date :

    2021-04-16

  • Font

Halk Maslahaty 300x151 - Halk Maslahaty Täze Binasynda Ilkinji Mejlisini GeçirdiTurkmensNews  Mejlisde möhüm çözgütler kabul edildi

Açylyş dabarasyna Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow, Ministrler kabinetiniň agzalary, Halk maslahatynyň täze agzalary we halk deputatlary gatnaşdylar.

Türkmenistanda geçen ýylyň sentýabr aýynda hökümetiň kanun çykaryş organynyň işleriniň netijeliligini hasam ýokarlandyrmak maksady bilen konstitutsiýa üýtgetme girizilip, iki palataly parlament ulgmyna geçilipdi.

Şeýlelikde kanun çykaryş organly tapgyra geçilip, Türkmenistanyň Milli Geňeşi döredilipdi. Milli Geňeşiň düzüminde Halk Maslahaty we Mejlis iş alyp barýar. Halk Maslahaty 56 agzadan, Mejlis bolsa 125 halk deputatyndan ybarat. Halk maslahatynyň 8 agzasy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan hödürlenýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň ilkinji mejlisinde 8 türkmen raýatyny Halk Maslahatynyň agzalygyna belledi. Geçirilen gizlin berlişikden soň bolsa Geňeşiň Başlyklygyna saýlandy.

Şeýle hem Halk Maslahatynyň 5 komiteti döredilip, olara ýolbaşçylar saýlandy.

Halk Maslahatynda:

Halkara Gatnaşyklar Komiteti
Ykdysadyýet, Maliýe we durmuş Syýasaty Komiteti
Adam Hukuklary we Azatlyklary Goramak Komiteti
Ylym, Bilim, Sanly Ulgam, Sport we Medeniýet Komiteti
Sebitleýin Ösüş, Daşky Gurşawy Goramak we Agrosenagat Syýasaty Komiteti.

Halk Maslahaty, Mejlis tarapyndan kabul edilen konstitutsion kanunlary we beýleki kanunnamalary seljerýär, Türkmenistanyň Prezidentiniň teklibine laýyklykda ýokary derejeli wezipeleriň eýelenmegine we wezipeden boşatmalary seljerýär, harby çinleriň berilmegi hakynda karar kabul edýär.

Share :
Share :
Etiketkalar :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز