• news ID :

    91157

  • /
  • Date :

    2021-03-06

  • Font

4bxz71fbe2085d1tyu6 800C450 300x169 - Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 14-nji sammitinde çykyş etdiTurkmensnews- Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ۱۴-nji sammitinde çykyş edip, sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde YHG-niň özboluşly geoykdysady ähmiýetini belledi.

Türkmenistanyň Döwlet Baştutany geografiki, taryhy, umumy däp-dessur we gymmatlyklar taýdan arabaglanyşygy bolan YHG gatnaşyjy döwletleriniň ykdysady hyzmatdaşlygynyň özenini nygtady. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow: “Biz YHG-niň çäklerinde ykdysadyýetde, söwdada, senagatda, energetikada, ulaglarda we kommunikasiýalarda, medeniýet hem-de ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmegiň toplumlaýyn mümkinçiligini giňeltmäge ýardam bermäge strategik wezipe hökmünde garaýarys” diýip belledi.

Türkmenistana bildiren ýokary ynam üçin YHG-niň agza döwletlerine minnetdarlygyny bildirip, Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň YHG-da başlyklygyny jogapkärli hem belent wezipe hökmünde kabul edýändigini hem-de bilelikdäki wezipelere üstünlikli ýetmek üçin ähli tagallalary etjekdigini nygtady.

Share :
Share :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز