75686
2020-05-20
TurkmensNews- ۲۰۲۰-nji ýylyň ۱۹-njy maýynda Aşgabatda gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň işlerini dolandyrmakda ulanylýan lukmançylyk başarnyklarynyň öwredilmegi boýunça iki günlük onlaýn okuw maslahaty öz işine başlady. Bu seminar ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi we BSG-nyň Aşgabatdaky ýurt boýunça edarasy bilen bilelikde guraldy.
Okuw maslahatyna ÝHHG-nyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, Döwlet serhet, migrasiýa we gümrük gulluklarynyň wekilleri, BSG-nyň Aşgabatdaky ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi, şeýle hem wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitleýin edarasynyň bilermenleri gatnaşdylar.
Okuw maslahatynyň açylyşynda ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy, Ilçi N.Drozd COVID-19 koronawirusynyň ýaýramagyna garşy global göreşiň çäklerinde bu okuwyň ähmiýetini we wajyplygyny belläp geçdi. Diplomat şeýle hem wirusyň Türkmenistanyň çäklerine gelmeginiň we ýaýramagynyň öňüniň alynmagy ýurduň hökümetiiniň öz wagtynda görýän çäreleri netijesinde mümkin bolandygyny nygtady.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň milli bilermenleri we BSG-nyň Ýewropa sebitleýin edarasynyň bilermenleri okuw maslahatynyň dowamynda köp sanly meseleleriň, hususan-da halkara lukmançylyk-sanitar düzgünleri we olaryň gözegçilik-geçiriş nokatlarynda amaly taýdan ulanylyşy bilen bagly meseleleriň üstünde durup geçdiler.
Seminar 2020-nji ýylyň ۲۰-nji maýynda öz işini dowam eder.
Related posts
Commets
Last News
11 آوریل 2021
08 آوریل 2021
06 آوریل 2021
05 آوریل 2021
05 آوریل 2021
Your Comment