63218
2019-10-12
Turkmensnews: garaşsyz döwletleriň arkalaşygyna gatnaşýan GDA köpçüliginiň başlyklar maslahaty Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda geçirilip başlandy.
Fars habarlar gullugynyň beren habaryna görä, bu köpçüligiň başlyklary özleriniň Aşgabat maslahatynda 2020 we 2022-nji ýyllar aralygynda ekstremizm we terrorizme garşy göreş ýerlikde agza ýurtlaryň arkalaşyklarynyň dürli taraplary hakynda gürrüň bolýandyr diýip GDA köpçüliginiň ýerine ýetiriji komiteti yglan etdi.
GDA köpçüliginiň Aşgabat maslahatyna Orsýet,Gazagystan,Gyrgyzystan,Täjigistan,Türkmenistan,Özbegistan,Azerbaýjan Respublikasy,
Ermenistan,Moldowa we Belarus ýurtlaryň prezidentleri şeýle-de bu köpçüligiň ýerine ýetiriji komitetiniň resmileri gatnaşýandyrlar.
bu maslahatyň soňunda dürli ugurlarda 10 sany hyzmatdaşlyk senede hem gol goýular.
garaşsyz döwletleriň arkalaşygyna gatnaşýan ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň maslahaty hem düýn Aşgabatda daşary işler ministrliginde geçirildi.
Türkmenistan 2019-nji ýylda garaşsyz döwletleriň arkalaşygyna gatnaşýan köpçüliginiň başlygydyr.
Degişli Habarlar
Commets
Last News
01 ژانویه 2025
18 دسامبر 2024
14 دسامبر 2024
26 نوامبر 2024
25 نوامبر 2024
Your Comment