• news ID :

    126146

  • /
  • Date :

    2024-02-05

  • Font

11 300x230 - Gazagystanda Hökümet Wezipesinden ÇekildiTurkmensNews-  Wise-premýer Roman Sklýar wagtlaýyn hökümete ýolbaşçylyk eder.

Gazagystanda Alihan Ismailowyň ýolbaşçylygyndaky hökümet wezipesinden çekildi.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym Žomart Tokaýew, Konstitutsiýanyň 70-njy maddasyna laýyklykda hökümetiň wezipesinden çekilmegi baradaky karary tassyklady.

Şeýlelikde, Ismailowyň ýolbaşçylygyndaky hökümet wezipesinden çekildi.

Wise-premýer Roman Sklýar wagtlaýyn hökümete ýolbaşçylyk eder.

Ozalky hökümetiň agzalary hem täze hökümet gurulýança öz wezipesini dowam etdirer.

Alihan Ismailow, 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda başdan geçirlen wakalardan soň bu wezipä bellenipdi, 2023-nji ýylyň 19-njy martynda geçirlen saýlawlardan soň ýaňadandan Premýer-ministr bolupdy.

Share :
Share :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز