98774
2021-07-25
Duşenbede ýerleşýän Fars habar gullugynyň habaryna görä Gazagystanyň premýer-ministri Askar Mamin Täjigistanly kärdeşi Gaher Rasulzadeh bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Gazagystandaky güýçli guraklygy aladalandyryjy bildi.
Rasulzadeh hem, 2021-nji ýylyň 16-njy iýunynda Täjigistan, Özbegistan we Gazagystanyň arasyndaky Özara düşünişmek Memorandumynda ylalaşylan mukdardan başga-da, dostlukly gatnaşyklar we hoşniýetlilik esasynda, “Täjig deňzi” suw howdanyndan goşmaça 50 kub metr suw Gazagystana bermek karara gelendigini aýtdy.
Iki premýer-ministr şeýle hem söwda, ykdysadyýet, senagat, oba hojalygy, suw we energetika, ulag we tranzit ugurlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdy.
Degişli Habarlar
Commets
Last News
19 ژانویه 2025
01 ژانویه 2025
18 دسامبر 2024
14 دسامبر 2024
26 نوامبر 2024
Your Comment