29016
2018-07-23
TurkmensNews- Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram gasemi Amerikanyň daşary işler ministri Maýk pompeonyň sözlerini ýazgarmak bilen bu pis gürrüňler ýadro ylalaşygyndan çykmagyndan soňra Amerikanyň resmileriniň çenden aşa ejizliginiň alamatydyr diýip nbygtady.
öten agşam Amerikanyň daşary işler ministri Maýk pompeo Eýrana garşy sanlyja adamlaryň ýygnagynda eden çykyşynda Eýrana garşy toslamalaryny gaýtalap Tehrany günbatara garşy hasaplamak bilen bir wagtda Ak tam başgalaryň arkalaşygy bilen Eýranyň nebitiniň eksport edilmegini öňüne geçjek bolýar diýip toslady.
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram gasemi ,maýk Pompeonyň beren gürrüňleriniň propaganda işi hasaplamak bilen bir wagtda bu gürrüňler açyk tärde Amerikanyň Eýranyň içeri işlerine gatyşýanlygyny mälim edýändir diýip nygtady.
Amerikanyň daşary işler ministrniň Eýrana garşy aýdan gürrüňleri Waşington döwletiniň sebiti durnyksyzlaşdyrmak ugurdaky syýasatlarynyň çarçuwwasyndadyr diýip Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram gasemi sözüne goşdy.
Degişli Habarlar
Commets
Last News
01 ژانویه 2025
18 دسامبر 2024
14 دسامبر 2024
26 نوامبر 2024
25 نوامبر 2024
Your Comment