123613
2023-11-05
TurkmensNews- Mirziýoýew Türki döwletleriň guramasynyň agzalarynyň garaşsyz Palestina döwletiniň gurulmagy hakynda kadaly pozisiýa beýan etmelidigini aýtdy.
Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türki döwletleriň guramasynyň agzalarynyň garaşsyz Palestina döwletiniň gurulmagy hakynda kadaly pozisiýa beýan etmelidigini aýtdy.
Türki döwletleriň guramasynyň 10-njy Sammiti Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçirilýar.
Sammitde çykyş eden Mirziýoýew; “Palestin halkynyň garaşsyz döwlet gurmaga hukugy bar. Guramamyzyň çäginde bu meseledäki ýörelgeli pozisiýamyz bütin dünýä yglan edilmeli” diýdi.
7-nji oktýabrdan bäri dowam edýan Ysraýyl-Palestina çaknyşygynyň iňňän howply tebigatynyň, aýratynam garrylar we çagalar bilen bilelikde asuda ilatyň arasynda adam pidalarynyň we ýaralanmalaryn sanynyn çürt-kesik artmagyna sebäp bolandygyny, çaknyşygyň giňelme howpunyň artandygyny aýdan Mirziýoýew; “Bu çäkde taraplary dessine duşmançylyklary bes etmage we gumanitar maksatly ylalaşyga çagyrýarys” diýdi.
Mirziýoýew çykyşynda; “Bu mesele boýunça iň adalatly çözgüt BMG-niň kararlarynda-da beýan edilşi ýaly iki halk üçin iki döwlet ýörelgesi kabul edilmeli” diýdi.
Commets
Last News
03 دسامبر 2023
30 نوامبر 2023
26 نوامبر 2023
16 نوامبر 2023
13 نوامبر 2023
Your Comment