97179
2021-06-22
TurkmensNews- Bu barasynda Ak Tamyň Metbugat Sekretary Ýen Psaki metbugat ýygnagynda beýannama berdi
Ak Tamyň Metbugat Sekretary Ýen Psaki adam hukuklarynyň kadalaryny bozandygy sebäpli ABŞ-nyň sanksiýa sanawyna goşulan Eýranyň täze Prezidenti Ibrahim Reisi hakynda beýannama berdi.
Psaki: “Täze Prezident adam hukuklaryna eden äsgermezçiliklerinden jogapkär bolar” diýdi.
Psaki Ak Tamda geçiren gündelik metbugat ýygnagynda Eýrandaky hökümet çalşygyndan soň ýadro gepleşikleriniň ňähili dowam etjekdigi bilen bagly soraga: “Prezident Jo Baýden şol gepleşiklerde ygtyýarly adam hökmünde Eýranyň Lideri Ali Hamaneýi kabul edýar. Ol saýlawdan öň hem şeýledi, şu gün hem şeýle. Gelejekde-de şeýle bolarmyka diýýän” diýip, jogap berdi.
Psaki Eýranda täze saýlanan Prezident Reisiniň geçmişde adam hukuklaryna eden äsgermezçilikleri sebäpli ABŞ-nyň sanksiýa sanawynda durýandygy ýatladylanda bolsa: “Täze Prezident adam hukuklaryna eden äsgermezçiliklerinden jogapkär bolar. Eýanyň hökümetine syýasy tussaglaryň boşadylmagy, adam hukuklaryna we başlangyç azatlyklara sarpa goýulmagy üçin çagyryş edýäris” diýdi.
Eýran bilen ýadro gepleşikleriniň dowam edýändigini, emma heniz haýsydyr bir ylalaşyk gazanylmandygyny nygtan Psaki: “Eýran dünýä arenasynda adam hukuklary ýa-da sebitleýin gatnaşyklarda gowy tanalmaýar. Biz milli bähbitlerimiz üçin ýadro ylalaşygynyň iş ýüzüne geçirilmegini isleýäris, emma bu meseläni ünsden düşürmeris” diýdi.
Ýen Psaki Baýdeniň ۲۵-nji iýunda Owganystanyň Prezidenti Aşraf Gani bilen geçirjek duşuşygyna “uly ähmiýet berýändigini” beýan etdi.
Commets
Last News
09 مه 2022
02 مه 2022
19 آوریل 2022
30 مارس 2022
21 مارس 2022
Your Comment